Tebigatyň gözelligi ugrunda

1 Sentýabr 2021
1175

Repetek döwlet biosfera goraghanasynda Garagum sährasynyň ümmülmez tebigy baýlyklaryny goramak boýunça ýyllaryň dowamynda netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tebigy baýlyklarymyzy goraýjylar üçin döredip berýän ählitaraplaýyn mümkinçilikleri bolsa işleriň has-da ilerlemegine ýardam berýär.

Häzirki günlerde hem goraghananyň hünärmenleriniň işi özüne ýetik. Goraghananyň bütin çäginde, şol sanda çäkli goraghanalarda alnyp barylýan işleriň netijesinde sährada bitýän ösümlikleriň we ýaşaýan jandarlaryň ygtybarly goragy we idegi üpjün edilýär. Goraghanada sözen bilen borjagyň tohumyny ýygnamak işleri dowam edýär. Bu tohumlar noýabr ― dekabr aýlarynda awtomobil ýollaryň, edara jaýlarynyň golaýlaryna ekiler. Bulardan başga-da, şu ýyl müňlerçe düýp sazak nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär.

Nurmyrat DÖWLETOW,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar