"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

«Toyota » kompaniýasy Hindistanda maýa goýýar

«Toyota » kompaniýasy Hindistanda elektrik ulagynyň ätiýaçlyklaryny öndürmek üçin 624 million dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. «Toyota Kirloskar Motor » we «Toyota Kirloskar Auto Parts» Günorta Karnataka ştatynda 624 million dollar maýa goýmak üçin ähtnama gol çekdi. Bu hem kompaniýanyň elektroulag bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder. Ýewropanyň awtoulag öndürijiler birleşiginiň (ACEA) maglumatlaryna görä, elektrik ulaglary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bazardaky paýyny takmynan iki esse ýokarlandyryp, 10 göterime ýetirdi. Bu görkeziji iň uly görkeziji hökmünde hasaba alyndy. Bu görkeziji geljekde elektroulag bazarynyň giňeldilmegine getirer. Şonuň üçin kompaniýalar bu bazardaky paýyny artdyrmak ugrunda tagallaedýärler. Hoşgeldi TÄÇMYRADOW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Sanly ulgam — geljege binýat

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 13-nji maýda geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy baradaky meselä ünsi çekdi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň derwaýys meseleleriniň biridir. Şu jähetden, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» häzirki wagtda yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Konsepsiýanyň hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we kämilleşdirmek, onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu möhüm wezipe üç tapgyrda dowam etdirilýär. Sanlylaşdyrmagyň birinji tapgyrynda interneti ulanyjylaryň millionlarçasyna onuň elýeterliligi üpjün edildi. Ýurdumyzda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, ilatyň ýaşaýan ýerlerinde, myhmanhanalarda, söwda merkezlerinde Wi-Fi tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, internet web-saýtlarynyň döredilmegi sanly ulgamyň işiniň has-da kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.

Sanly ulgamda daş asyry

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda dürli ugurlarda nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary... ýaly täze innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglanyşykly döwrebap täze usullaryň gerimi, olaryň durmuşymyza ýetirýän oňaýly täsiri uly ähmiýete eýedir. Bilimde, ylymda we medeniýetde hem olaryň häzirki zaman ösüşine saldamly goşandy bardyr. Şu nukdaýnazardan, taryh ylmynda, aýratyn-da, arheologiýada sanly ulgam arkaly degişli informasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Şunda dürli hili tapyndylaryň maglumat toplumyny döretmek wajyp meseledir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň daş tapyndylarynyň maglumat binýadyny döretmek hem olary sanly ulgama ornaşdyrmak meselesi ýola goýulýar we ençeme arheologik nusgalaryň esasynda sanly ulgam arkaly işi taýýarlamaga girişildi. Meselem, daş tapyndylaryň görnüşi hakynda sanly maglumat toplumyny döretmek, onda öwrenilýän suratly zerur maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Tapyndynyň görnüşine görä, dürli alamatly arheologik maglumatlar, şol sanda onuň ulanylyş taýdan dürli adalgalary bar. Haýsy welaýatyň, etrabyň ýa-da ýadygärligiň çäginde tapylandygy barada geografiki maglumaty — meýdan arheologiýanyň maglumatlaryny: tapyndynyň ýerüsti ýa-da ýerastydygyny bellemek we ol zadyň ilki nirede görlendigini ýazmak möhümdir.

Sanly bilim — döwrüň talaby

  «7-24.tm», № 20 (103), 16.05.2022 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň ylym-bilim ulgamy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, medeniýetiň hem-de ylmyň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär. Öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda-da dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi biziň her birimiz üçin buýsançly ýagdaýdyr. Bu ugurda orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalar, kompýuter enjamlary, multimediýa serişdeleri, lingafon otaglary, ýokary tizlikli internet ulgamy ornaşdyrylýar. Okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň tygşytlanmagyna, zerur bolan gerekli maglumatlary gysga wagtda tapmaga şert döredýär.

Pudagy ösdürmekde täze tehnologiýalara möhüm orun degişlidir

Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan pudaklaýyn ylmy ösdürmek, bu ugurdaky maksatnamalary ýerine ýetirmek üçin barlaghanalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmeklige we ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklige gönükdirip, innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly döwletimizi senagat taýdan ösen ýurda öwürmek baradaky nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan möhüm wezipelerden ugur alyp, degişli işleri geçirmek zerurdyr. Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugry hökmünde ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, taslamalaryň häzirki zaman usullaryny we hasaplama modellerini ulanmak meseleleri, ilkinji nobatda, çözmelileriň hatarynda bellenilýär. Geologiýa gözleg, buraw işlerini, nebitgaz ojaklaryny we ugurdaş çykýan baýlyklary işläp geçmegiň taslamalaryny düzmegi, gazy çykarmagy, taýýarlamagy we akdyrmagy, gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyna degişli teklipleri bermegi, kadalaşdyryjy we önümçiligiň ekologiýa täsirini azaltmak boýunça degişli resminamalary düzmegi olaryň hatarynda görkezmek bolar.

«Royal Mail» uçarmansyz uçarlar bilen hat ibermek üçin 50 ugur taýýarlaýar

Beýik Britaniýada Korollygyň «Royal Mail» poçta gullugy uçarmansyz uçarlaryň durmuşa ysnyşykly ornaşmagy bilen poçta gatnawlarynda şeýle tehnologiýalary ulanmagy meýilleşdirýär. Gullugyň ýakyn meýilnamalarynda 200 sany uçarmansyz uçar üçin 50 töweregi howa ugurlaryny döretmek bolup durýar. Uzak möhletleýin meýilnama laýyklykda, geljekde ýurduň tutuş çägini öz içine aljak 500-den gowrak uçarmansyz howa ulaglaryny ulanmak meýilleşdirilýär. Bir ýarym ýylyň dowamynda amala aşyrylan dört sany synag uçuşynda Mal adasyna (Şotlandiýa), Kornwallyň kenaryndaky Silli adalaryna we Kirkwol bilen Demirgazyk Ronaldseý arasynda uçuşlar edildi.

«Nokia» 2022-nji ýylda 6 sany täze smartfony hödürlär

Häzirki wagtda HMD Global kompaniýasynyň tagallalary bilen Nokia smartfonlary uly meşhurlyga eýe bolýar. Angliýanyň bazarynda Nokia markasynyň iň köp satylýan tehnikalaryň üçligine girmegi-de muňa aýdyň mysaldyr. Maglumatlara görä, ýakyn wagtda Nokia üç sany täze smartfon modellerini çykarar, 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda bolsa ýene üç sany modeliň peýda boljakdygy barada aýdylýar. Şu ýylyň başynda Nokia G11 we G21 modelleriň başlangyç görnüşleri peýda bolandan soňra, HMD Global täze Nokia G11 Plus diýlip atlandyryljak modeliň üstünde işleýändigi belli boldy.

Hytaýda sü­rü­ji­siz ro­bot tak­si­le­r işe girişdi

«Bai­du» hem-de «Po­ny.ai» kom­pa­ni­ýa­la­ry sü­rü­ji­siz ro­bot tak­si­le­ri üçin rug­sat­na­ma alan­dyk­la­ry ba­ra­da ha­bar ber­di­ler. Iki kom­pa­ni­ýa hem Pe­ki­niň yk­dy­sa­dy we teh­no­lo­gi­ki ösüş zo­la­gy­nyň 60 ine­dör­dül ki­lo­met­ri­niň çä­gin­de hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­läp bi­ler­ler. «Bai­du» aw­to­nom ulag­la­ryň 10-sy bi­len müş­de­ri­le­re hyz­mat eder. «Po­ny.ai» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li wagt­la­ýyn aw­tou­la­gyň öňün­dä­ki ýo­lag­çy otur­gyç­la­ryn­da howp­suz­lyk gö­zeg­çi­le­ri­niň otu­ryl­jak­dy­gy ba­ra­da aýd­ýar. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, hä­zir­lik­çe hyz­ma­ty 4 sa­ny aw­to­nom ulag be­rer.

Ýe­wro­pa­nyň iň uly ýüz­ýän Gün fermasy

Por­tu­ga­li­ýa­nyň «EDP» kom­pa­ni­ýa­sy ýur­duň gü­nor­ta­syn­da­ky «Alqueva» ben­din­de ýüz­ýän Gün fer­ma­sy­ny gur­dy. Dört fut­bol meý­dan­ça­sy­nyň ulu­ly­gyn­da­ky ýüz­ýän Gün fer­ma­sy sa­gat­da 7,5 gi­ga­wat ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr. 12 000 Gün pa­ne­li, şeý­le-de 2 GWt kuw­wat­ly­ly­gy sak­lap bil­ýän li­tiý ba­ta­re­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len fer­ma 1500 ho­ja­ly­gy ener­gi­ýa bi­len üp­jün eder.

Ýaşlar hakynda alada

Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ösdürmek, olary watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy işler, barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak, ýaşlaryň kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak ýaly döwletli başlangyçlaryň giňden durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Häzirki döwürde ýaş türkmenistanlylara kämilleşmek hem-de özleriniň zehinlerini, ukyplaryny, mümkinçi

Olaryň dostlary — robotlar

Mekdep okuwçylarynyň Tehnologiýa şüweleňi geçirildi Geçen hepdäniň şenbe gününde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdepde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň zehinleri» atly şygar bilen Tehnologiýa şüweleňi geçirildi. Oňa tehnologiýa dünýäsi bilen gyzyklanýan okuwçylaryň ençemesi, mugallymlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Çäre Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guraldy. Ýurdumyzyň belli estrada ýyldyzlary, ýaşlaryň söýgüli aýdymçylary Mähri Pirgulyýewanyň hem-de Durdy Durdyýewiň dabara gatnaşyp, joşgunly aýdymlary ýerine ýetirmekleri çagalar üçin iň bir ýakymly pursatlaryň biri boldy.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär.

Ýygyrtlaryň hökümdary

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022 Eşikleriň ýygyrdyny ýazmak üçin niýetlenen enjamy gadymy döwürlerde-de ulanypdyrlar. Mysal üçin, Gadymy Gresiýada baryp biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrda munuň üçin gyzgyn sim ulanan bolsalar, rimliler şol döwürler eşikleriniň ýygyrdyny gyzdyrylan çekiç bilen urup ýazypdyrlar. Şonuň ýaly-da eşik ütüklemek üçin içine gyzgyn kömür atylan, düýbi tekiz gap-gaçlaram ulanylypdyr. Soňlugy bilen gap-gaçlary hakyky ütügiň özi eýeläpdir. Ýöne belli bir döwre çenli ütükleri-de közüň kömegi bilen gyzdyrypdyrlar.

Internetiň gyzykly dünýäsi

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022 «Apple» şereketiniň ilkinji logotipinde häzirki ýaly dişlenen alma däl-de, alym Isaak Nýutonyň bagyň aşagynda oturan keşbi bolupdyr. Onuň depesinde bolsa sapagyndan tänäýjek bolup duran alma şekillendirilipdir.

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, döwrebap ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamyň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýet aragatnaşyk hyzmatlary, awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, bank amallary boýunça tölegleri onlaýn arkaly amala aşyrmaga, uzak aralykdan işleri ýola goýmaga hem-de özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenilendir.

Sanly bilim ulgamynda beýik tagallalar

Arka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ösen yl­my teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ýur­duň äh­li ul­gam­la­ry­na or­naş­dyr­mak bol­sa, is­len­dik ýur­duň ösü­şi­niň göz­ba­şyn­da dur­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­nyş­y döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny san­ly­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ber­ýän tab­şy­ryk­la­ryn­dan ugur alyp, biz hem or­ta bi­lim ber­ýän mek­de­bi­miz­de de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýa­rys. Hä­zir­ki wagt­da mek­de­bi­miz­de äh­li mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň we mu­gal­lym­la­ry­nyň äh­li mag­lu­mat­la­ry, okuw sa­pak­la­ry­nyň ge­çi­ri­li­şi we sel­je­ri­li­şi do­lu­ly­gy­na san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­di. Şeý­le-de äh­li sa­pak­la­ryň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­me­gi ug­run­da tej­ri­be­li mu­gal­lym­la­ry­myz uly ta­gal­la ed­ýär­ler.

Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň resmi saýty döredildi

Sanly ulgamyň ösen mümkinçiliklerinden peýdalanmak häzirkizaman bilim we hünär ojaklaryna bildirilýän esasy talaplaryň biridir. Şundan ugur alyp, ýakynda Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem resmi saýty işläp başlady. Ol «www.derya-ohom.edu.tm» salgysynda ýerleşýär. Resmi saýtyň iki dilde ― türkmen we rus dillerinde işleýändigini turuwbaşdan aýtmak gerek. Eýýäm saýtyň ýokarky bölüminden onuň haýsy hünär ojagyna degişlidigini, habarlaşmak üçin telefon belgilerini we elektron poçta salgysyny görüp bilýäris.

Täze tehnologiýalar — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösdürilýär we sanlylaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli durmuşa ornaşdyrylyp, bu ugurdaky işleri amala aşyrmagyň çäklerinde maliýe ulgamynda ilata hödürlenýän hyzmatlar yzygiderli kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, elektron hyzmatlary ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagat pudagynyň ösmegine, döwletimiziň önümçilik kuwwatynyň artmagyna hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna we ony mundan beýläk-de gowulandyrmaga uly itergi berýär. Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet dolandyrylyşynda söwda, maliýe, bank ulgamlary ilkinji orunda bolmak bilen bir hatarda, bu ugurlarda ýokary netijeler gazanylýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri hem barha ýokarlanýar.

Täsinlikler äleminde

Adaty bolmadyk desga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde adaty bolmadyk bina açylyp ulanmaga berildi. Binanyň uzynlygynyň 435 metrdigine garamazdan, onuň ini 18 metrden sähel gowrakdyr. Bu inçelik binanyň ýokarky gatlarynyň güýçli şemalda ikiýana gymyldamagyna getirýär. «Steinway» diňi diýlip atlandyrylýan bu bina Günbatar ýarym şarda ikinji iň uzyn binadyr. 84 gatly binada 60 sany ýaşaýyş jaýy, basseýn, fitnes merkezi, ýokarky gatynda bolsa saz eserleriniň toplanylýan arhiwi ýerleşýär. Bina ýörite işlenilip taýýarlanan beton garyndysyndan we beýleki gurluşyk serişdelerinden gurlandyr.

«Mer­ce­des-Benz» il­kin­ji elekt­rik ula­gy­ny gör­kez­di

«Mer­ce­des-Benz» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-da il­kin­ji «EQS» elekt­ro­mo­bi­li­ni gör­kez­di. Tä­ze «ESQ» ula­gy­nyň he­re­ket äti­ýaç­ly­gy 600 kilometrden gow­rak bo­lup, kuw­wat­ly­gy 536 at güý­jü­ne ýet­ýär. Elekt­ro­mo­bi­liň umu­my kuw­wa­ty 107,8 kWt-a ba­ra­bar bo­lan 12 öý­jük­li, ga­ty ga­pyr­jak­ly li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­sy bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Kom­pa­ni­ýa aw­tou­la­gyň ba­ha­sy­ny yg­lan et­me­dik hem bol­sa, bi­ler­men­ler onuň ABŞ-nyň 100 müň dol­lar­yndan gow­rak bol­ma­gy­nyň äh­ti­mal­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Aw­tou­lag ýa­kyn wagt­da «Mercedes-Benz»-iň Ala­ba­ma­da (ABŞ) ýer­le­şen za­wo­dyn­da önüm­çi­li­ge goý­be­ri­ler. Ge­çen birža söw­da­laryn­da «Mercedes-Benz»-iň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 17,34 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.