Ýygyrtlaryň hökümdary

3 Maý 2022
1329

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022

Eşikleriň ýygyrdyny ýazmak üçin niýetlenen enjamy gadymy döwürlerde-de ulanypdyrlar. Mysal üçin, Gadymy Gresiýada baryp biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrda munuň üçin gyzgyn sim ulanan bolsalar, rimliler şol döwürler eşikleriniň ýygyrdyny gyzdyrylan çekiç bilen urup ýazypdyrlar. Şonuň ýaly-da eşik ütüklemek üçin içine gyzgyn kömür atylan, düýbi tekiz gap-gaçlaram ulanylypdyr. Soňlugy bilen gap-gaçlary hakyky ütügiň özi eýeläpdir. Ýöne belli bir döwre çenli ütükleri-de közüň kömegi bilen gyzdyrypdyrlar.

Taýýarlan Aýlar REJEPOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar