"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durnukly ösüş ugrunda

Dünýä jemgyýetçiliginiň üçünji müňýyllygyň başynda ýüzbe-ýüz bolýan ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmegi üçin ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegi möhüm şert bolup durýar. Garaşsyz Türkmenistan hem sebit we dünýä ähmiýetli ekologiýa meselelerini, hususan-da, Aralyň ekologiýa bitewüligini gaýtadan dikeltmek, deňziň guramagynyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak, şeýle hem Hazaryň arassa deňiz gurşawyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde goşýan saldamly goşandy dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Häzirki döwürde Hazarýaka sebiti dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan hem-de iberilýän iri merkezleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz sebitde ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezligi möhüm hasaplaýar.

Jemgyýetiň ösüşi we daşky gurşaw

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ekologiýa üçin zyýanly täsirleri az bolan sarp ediş we önümçilik nusgasyny döretmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Sarp edişiň we önümçiligiň has netijeli ýollary we ugurlary gözlenilýär, olaryň durmuşa ornaşdyrylmagy gazanylýar. Ekologiýa zyýanly täsirleri az bolan sarp ediş we önümçilik nusgasy üçin amatly şertleri döredýän kanunlaryň uly topary kabul edildi we olar işjeň hereket edýär. Ekologiýa Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynda hem esasy ugurlaryň biridir. Bu boýunça milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çykyşlarynda hem birnäçe gezek aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ekologiýa abadançylygy dünýä ýurtlarynyň gülläp ösüşleri we halklarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan derwaýys şertleriň biridir. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde kabul edilýän Durnukly ösüş maksatlarynda ekologiýa meseleleriniň aýratyn orny eýelemelidigine ünsi çekýär. Howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigi biziň döwlet ekologiýa syýasatymyzyň esasyny düzýän ýörelgeleriň biridir. Şulardan hem görnüşi ýaly, biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Baş sekret

Ekologiýa howpsuzlygy —ömrümiziň rahatlygy

Tebigatyň täsin gurluşy, özboluşly düzüm bölekleri bizi mydama haýrana goýýar. Irki döwürlerde adamlar tebigatyň gurluşynyň we onuň düzüm bölekleriniň özara sazlaşygynyň syryny daşdaky güýçlerden gözlän bolsalar, bu gün ylym şeýle sazlaşygyň syryny tebigatyň öz içinden gözläp, oňa jogap tapmaga çalyşýar. Adam jemgyýetde ýaşaýar we tebigatyň maddy nygmatlaryndan peýdalanýar. Şonuň üçin ol tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ynsan akyl-paýhasyna daýanyp, tebigata täsir edýär, ondan özüne zerur bolan zatlary alýar. Dagdan we ýeriň astyndan özüniň gündelik durmuşyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän magdanlary, tebigy baýlyklary gazyp alýar. Ýeriň üstündäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň egsilmez miwelerinden peýdalanýar. Suwuň tebigy akymyny üýtgedip, oňa öz bähbitlerine görä akym bermäge çalyşýar. W.I.Wernadskiniň sözi bilen aýtsak: «Adamzat bilelikde alanyňda, ägirt uly geologik güýje öwrülýär». Şeýle güýje mynasyp bolan adamyň özüni gurşap alan tebigata bolan gatnaşygy daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ylmy meýilnamalardyr maksatnamalar esasynda amala aşyrylmasa, onda bu hereketler hem-de gatnaşyklar ekologik deňagramlylygyň bozulmagyna getirýär.

Oba hojalygynda san­ly ul­ga­m

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny halkara ülňülerine laýyk gelýän sanly ulgam esasynda ösdürmek, täze innowasion tehnologiýalary hem-de maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak boýunça uly tagallalar edilýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlenilip, bu ugurda köp işler alnyp barylýar. Oba hojalyk toplumyna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasyny ornaşdyrmak sanly ykdysadyýete geçmegiň iň bir möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu pudagyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyrýar hem-de köp amatlyklary döredýär. Milli Liderimiziň pähim-parasatly döwrebap başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň tebigatyny goramaga hem-de öwrenmäge sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Täze döwrebap tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysady taýdan netijeli bolmak bilen, ekologiýa talaplaryny berjaý etmekde hem bähbitlidir. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly zyýanly täsirleri peseltmek, adamlara işlemäge, dynç almaga, saglyklaryny berkitmäge amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmakda hem sanly ulgamyň ähmiýeti örän uludyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 30-njy noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 29-yndan dekabr aýynyň 5-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-10-dan 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+3o-dan +6...+8o aralygynda maýyl, gündizlerine +11...+13o-dan +17...+22o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2o-dan +5...+7o aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+12o-dan +16...+21o aralygynda maýyl bolar.

Dirilik çeşmesi

Suw tebigata jan berýän, ynsan durmuşyna gözellik goşýan mukaddeslikdir. Ata-babalarymyzyň suwuň her dänesini altyna deňemegi we ondan netijeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet bermegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde pederlerimiziň suwa aýawly garamak babatdaky ýörelgelerine eýerilmegi hem-de suwa uly sarpa goýulmagy has-da guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstümizdäki şanly ýylda geçirilen mejlisindäki çykyşynda halkymyzyň suw bilen baglanyşykly garaýyşlary, häzirki wagtda suw baýlyklarymyzyň netijeli ulanylyşy barada aýratyn durup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz «Suw damjasy — altyn dänesi», «Daýhanyň hazynasy — ýer, suw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer çöl» ýaly, suw bilen bagly köp sanly nakyllary döredipdir. Biziň günlerimizde hem, ata-babalarymyzyň parasatly däplerine eýerip, suwy tygşytly we netijeli ulanmak döwlet syýasatymyzyň örän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Tämiz tebigat — gözel durmuş

Tebigatyň goralmagy, ekologik abadançylyk — durmuşyň durky, geljegiň binýady. Şonuň üçin ekologiýa meselesi tutuş dünýäde wajyp hasaplanýar. Bu babatda eziz Diýarymyzda amala aşyrylan işler, geçirilýän tutumly çäreler, taslamalar juda guwandyryjydyr. Soňky ýyllarda «Tokaý» kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şu ýyl «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi bolsa, mähriban Watanymyzyň bu ugurda Äleme aýan edýän taglym-tagallalarynyň ýene bir aýdyň sahypasydyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 27-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 747 mm, çyglylygy 45 — 65 %.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Howa biziň üçin durmuşda ilkinji we esasy zerurlykdyr. Howa arkaly adamzat ýaşaýşy dowam edýär. Howanyň arassalygy ekologiýa abadançylygynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Ýakynda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) türkmen wekiliýetiniň gatnaşyp, oňyn başlangyçlary öňe sürmegi bu ählumumy meselä Türkmenistanyň garaýşyny açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmen tarapynyň bu iri halkara maslahatda öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistan bu babatda önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bug gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy, «Täzelenýän energiýa çeşmeleri hakynda» täze Kanunyň kabul edilmegi, ýurdumyzda her ýylda millionlarça bag nahallarynyň oturdylmagy ýaly birnäçe işleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik kärhanalaryna dünýäniň iň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna we ekologiýa zyýansyz önümçilige aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady

Seýilgäh — gözelligiň mesgeni

Paýtagtymyzyň seýilgäh zolaklary özboluşly gözellik dünýäsine öwrülýär. Dynç almak üçin ajaýyp künjege öwrülýän, ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýän seýilgähler okgunly ösýän paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen üýtgeşik sazlaşyk döredýär. Täze seýilgähler öňki bar bolan ýaşyl zolaklaryň üstüni ýetirip, baky juwan Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbine täsin öwüşgin çaýýar. Şäher gurşawynda bag — seýilgäh sungatynyň usullarynda oýlanyşykly kemala getirmek, şol sanda gök zolaklary we şäheriň köçelerini özboluşly bezemek paýtagtymyzyň şähergurluşygynda uly orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, her ýylda müňlerçe bag nahallary oturdylýar, täze seýilgähler gurulýar. Ine, 19-njy noýabrda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze açylyp, ulanmaga berlen «Erkin» atly döwrebap seýilgäh hem ajaýyp desgalaryň biri bolup, şähergurluşygynyň gözelligine gözellik goşýar. Bu seýilgähiň merkezinde oturdylan, belentligi 22 metr bolan Baýdak sütüninde Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tugy uzaklardan görünýär. Ajaýyp «Garagum» myhmanhanasynyň ýanynda ýerleşýän täze seýilgähe aşgabatlylar we myhmanlar, çagalar gelip, ajaýyp görnüşlerden lezzet alýarlar. Seýilgähiň ýaşyl zolaklarynyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna laýyklykda döredilmegi, ekologiýa çärelerine ylmy esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Seýilgähde agaç nahallarynyň we bezeg gülleriniň göwnejaý ýerleşdirilmegi gezelenç etmek we

Äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň go­ra­gyn­da

Ähli üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrunda amala aşyrýan giň gerimli ägirt uly işleri we döredýän şertleri ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamakda, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmakda hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we olary köpeltmek, ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň derejesine göterildi» diýen parasatly sözleri ýurdumyzyň ekologiýa strategiýasynyň diňe bir Diýarymyzy däl, eýsem, sebiti durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösdürmäge, ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Elbetde, bu ynsanperwer ýörelgeler bolsa innowasion tehnologiýalara we köp asyrlyk milli däplere daýanýandygy bilen häsiýetlenýär. Bu babatda ýurdumyzyň daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribelere eýedigi halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýaýbaňlanýan çäreler diňe bir sport däl-de, eýsem, ekologiýa taslamalaryny we maksatlaryny goldamak üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň dünýä nusgalykdygyna güwä geçdi. Munuň özi Gahryman Arkada

Daşky gurşawyň howpsuzlygy — möhüm wezipe

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň maslahat zalynda tebigy hadysalaryň zyýanly täsirleriniň döredýän töwekgelçiliklerini azaltmak ugrunda jemgyýetçilik guramalarynyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen gatnaşygy we arkalaşygy, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň döremeginde öňüni alyş çärelerini, goranmagy, halas ediş düzgünlerini wagyz etmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. USAID-iň «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde we hemaýat etmeginde guralan okuw maslahatynda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň ýolbaşçy edarasynyň hem-de welaýat bölüminiň, welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, lukmanlar çykyş edip, olaryň tebigy hadysalaryň döredýän töwekgelçilikleriniň täsirini azaltmak ugrunda alnyp barylýan işler, raýat goranyşy, ilatyň goranyş serişdeleri we usullary, tebigy heläkçilikleriň döremek howpy abananda habar beriş, ses duýdurmalary we şol duýdurmalar boýunça edilmeli işler, tebigy betbagtçylyklar mahalynda hereket edilişi, tebigy hadysalar zerarly şikes alanlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, ýokanç keselleriň döremegine garşy göreşmek we olardan goranmagyň usullary barada wideoşekiller arkaly beren gürrüňleri örän täsirli boldy. Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, ek

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 25-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 746 mm. Çyglylygy 55 — 75 %.

Gök baglardyr gözel görkli öwüşgini Aşgabadyň

Gül-gunçaly gözel Diýarymyzyň her bir künjegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe erkinligiň, mizemezligiň, abadançylygyň ýolunda ösýär hem özgerýär. Garagumuň ümmülmez sährasynyň tolkun atýan depeleriniň gök bürenjege bürenmegi, täsin tebigat dünýäsiniň täze bir keşbiniň janlanmagy, mylaýym sergin şemalyň astynda parahat ýaşap, ýaýnap, döredip gezmegiň özboluşly jana ýakymly pursady bar. Günsaýyn ösüşlere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz şeýle ýakymly pursatlara örän baý ýyly başdan geçirýär. Garagumuň özboluşly täsin tebigatynyň bolşy deýin, ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde, etrapdyr welaýatlarynda giň sähralyga bürenen ajaýyp täsin gök zolaklarynyň döredilmegi baý tebigatymyzy has-da görklendirýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan medeni hem-de ekologik taýdan wajyp çäreleriň geçirilmegi obadyr şäherlerimizi bagçylyga büremek, gök zolaklary döretmegiň ajaýyp keşbi bolup çykyş edýär.

Ekologiýa syýasatynyň üstünlikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutumly işleri alyp barýar. Paýtagt şäherimiz Aşgabatda, welaýatlarda pürli, miweli hem saýalyk baglary oturtmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gowulandyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawy gorap saklamak ulgamynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu gün has-da kämilleşdirilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerilip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy dabaraly bellenilen 2020-nji ýylda ýurdumyzda pürli, saýalyk we miweli nahallaryň 25 million düýbi oturdyldy. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen bu ýylda bolsa Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna agaç nahallarynyň ýene-de 30 million düýbini oturtmak dabarasy giň gerim aldy.

Ekologik abadançylyk — durnukly ösüşiň kepili

Ýakynda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy ýurdumyzyň adamzadyň durnukly ösüşini we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga uly üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu nukdaýnazardan, dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistanyň tebigaty goramak, ekologiýa meselelerini çözmek babatda ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly öz saldamly goşandyny goşýandygyny ýene bir ýola görkezdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasynyň esasynda halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri durýar. Daşky gurşawdaky tebigy deňagramlylygy saklamazdan, şeýle maksada ýetmek mümkin däl. Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 22—28-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2o-dan +5...+7o aralygynda maýyl, gündizlerine +1l...+13o-dan +16...+18o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-7-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...+1o-dan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+12o-dan +15...+17o aralygynda maýyl bolar.

Bag ekmek ömürden

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň, welaýat we etrap merkezleriniň, obalaryň töwereginde gür tokaý zolaklaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, her ýylyň ýazky we güýzki bag ekişlik möwsüminde ildeşlerimiziň agzybirlikli gatnaşmagynda bag nahallaryny oturtmak we ösüp oturan baglara ideg etmek boýunça saldamly işler guramaçylykly ýagdaýda amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň oktýabr aýynyň 22-sinde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, medeniýetli dynç almagyny, wagtlaryny hoş geçirmeklerini, aýratyn-da, howanyň düzümini arassalamak bilen birlikde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegi nygtap, ählihalk bag ekmegiň ähmiýetini belledi. Bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda 25 million düýp bag nahallary oturdylypdy. Şu ýyl ýokary derejede geçirilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli pürli we miweli baglaryň 30 million düýp artdyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Bag — zeminiň zynaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ekologiýa babatda bitirilýän toplumlaýyn işler häzirki wagtda oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gür baglyga bürenýän seýilgähleri döretmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly giň möçberli maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu ugurda yzygiderli amala aşyrylýan işler halkymyzy guwandyrýar. Döwlet Baştutanymyz bag nahallaryny oturtmak, gülleriň dürli görnüşlerini ekmek, seýilgähleri, gür tokaýlyklary döretmek işlerini ylmy esasda alyp barmagyň zerurdygyny öňe sürýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky tabşyryklardan ugur alyp, bagçylyk müdirligimizde ýasen, tuýa, sosna, arizon serwisi, hrizantema ýaly baglary, bägül, barhotka, kalendula ýaly gülleri ýetişdirip, olary şäherimiziň köçeleriniň gyralarynda, seýilgählerde, dynç alyş ýerlerinde, aýlawly ýollarda oturdýarys. Olar diňe bir dem alýan howamyzy tämizlemän, eýsem, daş-töweregimize gözellik paýlaýar. Mundan başga-da, işgärlerimizi höweslendirmek maksady bilen, her baýramçylyklarda dürli bäsleşikleri geçirýäris. Olarda ýeňiji bolanlara sowgatlary gowşurýarys.