Ekologiýa syýasatynyň üstünlikleri

24 Noýabr 2021
1605

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutumly işleri alyp barýar. Paýtagt şäherimiz Aşgabatda, welaýatlarda pürli, miweli hem saýalyk baglary oturtmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gowulandyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawy gorap saklamak ulgamynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu gün has-da kämilleşdirilýär.

Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerilip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy dabaraly bellenilen 2020-nji ýylda ýurdumyzda pürli, saýalyk we miweli nahallaryň 25 million düýbi oturdyldy. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen bu ýylda bolsa Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna agaç nahallarynyň ýene-de 30 million düýbini oturtmak dabarasy giň gerim aldy.

Beýleki habarlar