Tämiz tebigat — gözel durmuş

26 Noýabr 2021
1828

Tebigatyň goralmagy, ekologik abadançylyk — durmuşyň durky, geljegiň binýady. Şonuň üçin ekologiýa meselesi tutuş dünýäde wajyp hasaplanýar. Bu babatda eziz Diýarymyzda amala aşyrylan işler, geçirilýän tutumly çäreler, taslamalar juda guwandyryjydyr.

Soňky ýyllarda «Tokaý» kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şu ýyl «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi bolsa, mähriban Watanymyzyň bu ugurda Äleme aýan edýän taglym-tagallalarynyň ýene bir aýdyň sahypasydyr.

Maral MÖWLAMOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar