Bag — zeminiň zynaty

20 Noýabr 2021
1752

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ekologiýa babatda bitirilýän toplumlaýyn işler häzirki wagtda oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gür baglyga bürenýän seýilgähleri döretmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly giň möçberli maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu ugurda yzygiderli amala aşyrylýan işler halkymyzy guwandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bag nahallaryny oturtmak, gülleriň dürli görnüşlerini ekmek, seýilgähleri, gür tokaýlyklary döretmek işlerini ylmy esasda alyp barmagyň zerurdygyny öňe sürýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky tabşyryklardan ugur alyp, bagçylyk müdirligimizde ýasen, tuýa, sosna, arizon serwisi, hrizantema ýaly baglary, bägül, barhotka, kalendula ýaly gülleri ýetişdirip, olary şäherimiziň köçeleriniň gyralarynda, seýilgählerde, dynç alyş ýerlerinde, aýlawly ýollarda oturdýarys. Olar diňe bir dem alýan howamyzy tämizlemän, eýsem, daş-töweregimize gözellik paýlaýar. Mundan başga-da, işgärlerimizi höweslendirmek maksady bilen, her baýramçylyklarda dürli bäsleşikleri geçirýäris. Olarda ýeňiji bolanlara sowgatlary gowşurýarys.

Gülnara ARALYÝEWA,
Balkanabat şäheriniň bagçylyk müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar