Ekologiýa howpsuzlygy —ömrümiziň rahatlygy

1 Dekabr 2021
1847

Tebigatyň täsin gurluşy, özboluşly düzüm bölekleri bizi mydama haýrana goýýar. Irki döwürlerde adamlar tebigatyň gurluşynyň we onuň düzüm bölekleriniň özara sazlaşygynyň syryny daşdaky güýçlerden gözlän bolsalar, bu gün ylym şeýle sazlaşygyň syryny tebigatyň öz içinden gözläp, oňa jogap tapmaga çalyşýar.

Adam jemgyýetde ýaşaýar we tebigatyň maddy nygmatlaryndan peýdalanýar. Şonuň üçin ol tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ynsan akyl-paýhasyna daýanyp, tebigata täsir edýär, ondan özüne zerur bolan zatlary alýar. Dagdan we ýeriň astyndan özüniň gündelik durmuşyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän magdanlary, tebigy baýlyklary gazyp alýar. Ýeriň üstündäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň egsilmez miwelerinden peýdalanýar. Suwuň tebigy akymyny üýtgedip, oňa öz bähbitlerine görä akym bermäge çalyşýar. W.I.Wernadskiniň sözi bilen aýtsak: «Adamzat bilelikde alanyňda, ägirt uly geologik güýje öwrülýär». Şeýle güýje mynasyp bolan adamyň özüni gurşap alan tebigata bolan gatnaşygy daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ylmy meýilnamalardyr maksatnamalar esasynda amala aşyrylmasa, onda bu hereketler hem-de gatnaşyklar ekologik deňagramlylygyň bozulmagyna getirýär.

Güýçmyrat SOLTANMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar