Durnukly ösüş ugrunda

1 Dekabr 2021
1636

Dünýä jemgyýetçiliginiň üçünji müňýyllygyň başynda ýüzbe-ýüz bolýan ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmegi üçin ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegi möhüm şert bolup durýar. Garaşsyz Türkmenistan hem sebit we dünýä ähmiýetli ekologiýa meselelerini, hususan-da, Aralyň ekologiýa bitewüligini gaýtadan dikeltmek, deňziň guramagynyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak, şeýle hem Hazaryň arassa deňiz gurşawyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde goşýan saldamly goşandy dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.

Häzirki döwürde Hazarýaka sebiti dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan hem-de iberilýän iri merkezleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz sebitde ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezligi möhüm hasaplaýar.

Gapbar HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar