"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pähimi durlaýan setirler

Gepin tapyp ýagşy sözlän,Misli dür saçan ýalydyr. Magtymguly PYRAGY.

Kalpda aýdyma öwrülen şygyrlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ady äleme meşhur bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Häzirki döwürde halkymyzyň asyllylyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny nesilden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, wagyz-nesihat etmek arkaly ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan edebi eserleri ýaş nesillere aýdyň ýol görkeziji bolup durýar. Şonuň üçin hem nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli şahsyýeti we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy adamzat kalbyny oňat arzuw-umytlara besleýän ajaýyp eserleri bilen ýüreklerde müdimilik orun alan şahyrdyr. Durmuşyň ähli taraplaryny şygryýet dünýäsine siňdiren akyldar şahyryň baý edebi mirasy bu gün kalplarda aýdym bolup belentden ýaňlanýar.

Adyň be­lent­dir älem­de

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi­ne, dün­ýä ýü­zü­ne ýa­ýyl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da gör­nük­li yz go­ýan be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň sar­pa­sy be­lent tu­tul­ýar.

Ýüreklere siňýän aýdymlar

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Şyg­ry­ýe­tiň, ýag­şy sö­züň muş­dak­la­ry ýur­du­my­zyň köpsan­ly, dür­li gör­nüş­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­den hä­li-şin­di Aşyr­mät Gar­ly­nyň goş­gu­la­ry­ny, poe­ma­la­ry­ny, ma­ka­la­la­ry­ny oka­ýan­dyr­lar, şol san­da te­le­ra­dio­ýaý­lym­lar ar­ka­ly çy­kyş­la­ry­ny diň­le­ýän­dir­ler. Ede­bi­ýa­tyň gy­ra­sy­na ir ge­lip, der­re­wem ýi­ti­rim bo­lan­la­ry kän gör­dük. Aşyr­mät bir­ne­me eg­le­nib­räk gel­di. Özü­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­di. Ol in­di oky­jy­la­ryň, diň­leý­ji­le­riň ara­syn­da ýur­du­my­zyň iň ta­ny­mal aw­tor­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Onuň kä­bir goş­gu­la­ry alypba­ry­jy­la­ryň, dik­tor­la­ryň hä­li-şin­di oka­ma­gyn­da gep­le­şik­le­ri do­wam­ly be­zäp gel­ýär. Mu­ňa my­sal hök­mün­de, «Ar­zuw» goş­gu­syn­dan aşak­da­ky se­tir­le­ri ge­ti­re­si­miz gel­ýär:

«Aýdasym gelýän sözlerim» goşgular toplumy

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 DE­RE­JE

Ylham ýaýlasy

Magtymguly Pyragy Guwanýas gadymýete,Wesýetsiň ynsanýete,Soltansyň şygryýete,Magtymguly Pyragy.

Pitiwa

Säher bilen oýanyp, howlymyzda, ondan-da uzaklarda bolýan zatlary synlap otyryn. Goňşy howlulardaky horazlaryň daňyň atandygyny buşlaýşy neneň täsin! Irräk örseň, baýguşuň jakyrdysyny ýa-da sary bilbiliň zikirini diňlemegem nesip edäýýär. Şonda janly-jandaryň soňsuz hysyrdysyna tomaşa edip, ýaşaýşyň hem syrly, hem maýyl ediji pursatlaryna berilýärsiň. Howluda-da, ondan daşarda-da adaty durmuş höküm sürýär. Ine, azaphon garynjalar rysgalyň ugrunda gydyrdanyşyp ýör. Goňşymyzyň tut agajyndan güsürdeşip gaýdan sarlaryň sürüsi topar tutup gelýär-de, howlymyzdaky jübüt daragtyň depesinde ornaşyp, jükürdeşmäge başlaýar. Ilerde zeýiň etegi bilen barýan ak it hem batly sesi bilen üýrýär-de, uzakda iki sany meňzeş guşuň maýsalykdan gürre göterilmegine sebäp bolýar. Bu guşlaryň howlymyzda mekan tutunan garga-da, serçä-de, gögerçine-de, gumra-da meňzemeýändigini öňem aýdypdy ýoldaşym. Şonda ol: «Bu guşlar garajagaz bolmalydyr» diýipdi. Uçuşlary-ha owadan olaryň, kinolardaky ýaly, gözel hem täsin. Birdenem asmandan güwwüldi eşidilýär, az salymyň içinde äpet ak uçar depämden uçup geçýär. Ony nazarym bilen yzarlap, gökde gaýyp barýan ak bulutlary synlamakdan doýmaýaryn. Her pursat täze bir şekil ýasap, gaýyşyp barýan bulutlaryň görnüşi hyýalyňy alyslara alyp gidýär.

Şygryýet bossany

Arkadag gurduran mermer binalar Binagärlik içre başga zat boldy,Arkadag gurduran mermer binalar.Özgeren täzeçe Aşgabat boldy,Arkadag gurduran mermer binalar.

«Niçe dostlar bilen seýranda eken...»

Aşgabadyň ilersinde, Köpetdagyň eteginde täze bir eser döredi. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan ol eser seni halklaryň kalbyna syýahata alyp gidýär. Sebäbi ol ýerde dostlukly halklaryň ençemesiniň kalbyndan ebedi orun alan ägirtler bar. Saýat Nowanyň, Şota Rustaweliniň, Rabindranat Tagoryň, Hafyz Şirazynyň, Şandor Petefiniň... mekan tutan seýilgähine aýlanyp ýörşüňe Berdinazar Hudaýnazarowyň: ...Bizi dostlaşdyrdy jenap şygryýet,Şygryýetiň ýoly bolsa azaply...

Toýly ýylyň serpaýy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti — ykbalyň türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan serpaýy. Çünki ussadyň her bir setiri — durmuş mekdebiniň gymmatly sapagy. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanylýan ýyly hem halkymyza sowgat yzyna sowgat eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň 17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygy barada aýdanlary hem eziz Diýarymyza toý buşlugy bolup doldy. Ussadyň saýlama şygyrlaryndan düzülen, üç dilde neşir edilen kitabyň ilkinji sanyny hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyza ibermeginiň özi-de halkymyzyň müňýyllyklar içre dowam edip gelýän terbiýe mekdebiniň paýhas damjalary bolup kalplara damdy.

Ruhy seždegähimize tagzym

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyrlarymyz Döwletmämmet Azadynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky aramgählerine her ýylda zyýarata gidişligiň guralmagy döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň 15-16-njy maýynda zyýaratçylaryň uly topary döwletimiz tarapyndan iki beýik akyldaryň aramgähine zyýarata gidip geldi. Bu bagt döredijilik işgäri hökmünde maňa-da miýesser etdi. Öňem 2000-nji, 2009-njy ýyllarda bu mukaddes ýerde zyýaratda bolupdym. Şonda meşhur sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlar, alymlar — Annaberdi Agabaýew, Nazar Gullaýew, Juma Hudaýgulyýew, Nobatguly Rejebow, Orazguly Annaýew, Saragt Babaýew, Atageldi Garýagdyýew, Kakadurdy Täjimow, Toýguly Jepbarow, belli diktor Setdar Abdyýew dagy bilen ýoldaş bolmak nesip edipdi. Olar bilen edilen edebi söhbetler, degişmeler kalbymda ýakymly ýatlama bolup galdy. Ýöne her bir zyýaratyň öz ähmiýeti, üýtgeşik täsirleri, geografik ýaýrawy bolýar. Bu ýylky zyýaratda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň merkezi şäheri Gürgeniň hem onuň töweregindäki şäherleriň gözel ýerlerinden geçildi. Biziň ýolumyz 2021-nji ýylda biri-birine golaý ýerleşen birnäçe obanyň goşulmagy netijesinde döredilen Magtymguly Pyragy şäheriniň hem üstünden geçdi. Bu şäheriň merkezini beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň owadan ýadygärligi bezeýär. Ol Aktokaýdan, takmynan, 100 kilome

Jiger (Hekaýa)

Durdy mugallym synp otagynyň giň penjiresinden gözel tebigaty synlap otyrdy. Synp otagynda başga hiç kim ýokdy. Öýi golaý bolansoň, ol işe pyýada gatnaýardy. Säher bilen köçäni dolduryp, ýaz gülleri ýaly bolup barýan çagajyklara garyşyp mekdebe gaýtmagy ol özüne uly bagt saýýardy. Ýöne işden soň etrap merkezine gitmelidigi sebäpli, bu gün ol ulagyny münüp gelipdi. Edil synp otagynyň penjiresiniň gabadynda duran ulagyndan gözüni aýyrman oturyşyna, birdenkä ýaş şägirtleriniň biriniň guraýan görelde sapagyna gatnaşmaga söz bereni ýadyna düşdi. «Bu şägirdimem beýlekilerçe bar. Tüweleme, öwrenmäge, ökdelemäge jan edýär. Ýene bir gün-ýarym gün taýynlansak, görelde sapagy hökman üstünlikli geçer» diýip, pikire çümüp oturyşyna-da el telefonynyň jaň sesine ziňkildäp gitdi. Görse, aýaly eken. — Hä, eýgilikmi, Annagül?

Magtymgulyny okasaň... (Hekaýa)

Körpe diýlip läliksiredilmegi Azadyň ýaltarak bolup ýetişmegine getirdi. Bu ýagdaý onuň kakasydyr ejesini alada goýman durmady. Ol mekdebi tamamlady. Bir gün kakasy onuň haýsy käriň başyny tutmakçy bolýandygyny sorady: — Gurluşykçy bolaýsam diýýän, kaka.

Halasgär haly torba (Gülküli kyssa)

Işdeşimiň gazetden okan zady barada beren gürrüňi derrew ünsümi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, her bir adamyň töweregini gurşap alýan energiýa gatlagy bolýarmyş-da, zenanlardaky şol gatlak erkekleriňkä görä alty esse dykyz we güýçli bolýarmyşyn. Netijede, zenanyň içki dünýäsiniň ýagdaýy onuň daş-töweregine täsir edýärmişin. Şonuň üçinem zenanyň şähdiniň nähilidigine, onuň daşyndaky energiýanyň ýagdaýyna içeriniň «howasy», bişirýän naharynyň tagamy, garaz, gaty köp zat baglymyşyn. Häsiýetimiň hötjetlik goşundysy ýeterlik bolansoň, işdeşimiň aýdanlary bilen düýbünden ylalaşmaýandygymy açyk mälim etdim. «Ol zatlar öýüň erkegine baglydyr. Erkek erkek bolanda, aýal töweregindäki energiýanyň nähili ýagdaýdadygynam bilmänjik geçer» diýdim. Işdeşimem, ýagdaýyma düşüş bolansoň, gürrüňi başga ýana sowup goýberdi. Ol gürrüň şondan soň ýatlanylmasa-da ýatlanylmazdy, ýöne işdeşimiň gazetden okan şol maglumatynyň hakykatdygyna hut öz öýümde, onda-da öz mysalymda göz ýetirdim oturyberdim.

Şygryýet

Aýdym aýt, ýürek! Aýdym aýt, ýüregim, aýdym aýt hany,Tar edip çal, ýazyň dury ýagşyny!Ynsanlyk köşgüniň tagtyna münüp,Köňüllerde aýdym bolup ýaşaly!

Halyçy gyza

Sülük ýaly barmaklarOýnaýar erişleri.Şol erişler aýdymdyr —Dutaryň kirişleri. Bir-birine birleşip,Özi sapylýan ýaly.Kakylanda daraklarBedew çapylýan ýaly.

Halk pähimleri

Gül tikensiz bolmaz, daglar gaýasyz.Haly reňk almaz zäksiz, boýasyz. * * *

«Dünýäni gözellik halas eder»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 60 metr belentlikdäki ýadygärligi guruldy we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bina edildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkeli ýerleşdirildi. Şolaryň biri-de «Dünýäni gözellik halas eder» diýen ganatly jümläniň awtory, beýik rus ýazyjysy Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskidir. Dünýä edebiýatynyň klassygy, ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä iň köp okalýan ýazyjylaryň biri Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý 1821-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda (11-nji noýabrynda) Moskwada dünýä inýär. 1837-nji ýylda geljekki ýazyjy dogany Mihail bilen Peterburga okuwa gidýär. Uçilişşede okan ýyllarynda ol edebiýat gurnagyny döredýär. F.Dostoýewskiý dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň eserlerini çagalygyndan ürç edip okaýar. 1843-nji ýylda okuwyny tamamlan badyna meýdan inžener-serkerdesi bolup işläp başlaýar. Ýöne 1844-nji ýylyň tomsunda özüni tutuşlaýyn edebiýata bagyş etmek maksady bilen poruçik çininde ätiýaja çykyp, Balzagyň «Ýewgeniýa Grande» eserini terjime edýär. Bu eser Dostoýewskiniň ilkinji neşir edilen edebi işi bolýar. Onuň 1845-nji ýylda tamamlan «Biçäreler» atly romany meşhurlyk gazanýar. «Daýymyň düýşi», «Stepançikow

Şu gün (Tymsal)

Öňde-de biri geljek baradaky aladalar zerarly durmuşyň hözirini görüp bilmeýändigi hakda halypasynyň ýanynda zeýrenipdir. Halypasy: — Ömrüniň birinji ýarymyny geljegi alada edip, ikinji ýarymyny bolsa geçmişde edilen işleriň ahmyry bilen geçirmek adamlaryň aglabasyna mahsus. Ynsan ömri dürli gymmatlyklar, surat eserleri saklanýan muzeýe çalym edýär. Sen Luwrda bolup görensiň-ä? — diýip, halypasy oňa soragly seredýär.

Milli mirasyň beýany

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Orazgeldi Aşyrowyň «Türkmeniň egsilmez mirasy» atly ylmy makalalar toplumy «Ylym» neşirýatynda çapdan çykdy. O.Aşyrowyň täze kitaby gojaman taryhymyzyň bir ülşi bilen bagly. Kitapda gadymy we orta asyr taryhy çeşmeleriň üsti bilen türkmen halkynyň dünýägaraýşy, umumy ruhy esaslary, medeni ösüşi, özboluşly milli häsiýeti açylyp görkezilýär. Alymyň täze kitabyny okasaň, şol döwrüň medeniýetine, ykdysady-syýasy ösüş aýratynlyklaryna çuňňur aralaşýarsyň.