Ruhy seždegähimize tagzym

23 Maý 2024
430

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyrlarymyz Döwletmämmet Azadynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky aramgählerine her ýylda zyýarata gidişligiň guralmagy döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň 15-16-njy maýynda zyýaratçylaryň uly topary döwletimiz tarapyndan iki beýik akyldaryň aramgähine zyýarata gidip geldi. Bu bagt döredijilik işgäri hökmünde maňa-da miýesser etdi. Öňem 2000-nji, 2009-njy ýyllarda bu mukaddes ýerde zyýaratda bolupdym. Şonda meşhur sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlar, alymlar — Annaberdi Agabaýew, Nazar Gullaýew, Juma Hudaýgulyýew, Nobatguly Rejebow, Orazguly Annaýew, Saragt Babaýew, Atageldi Garýagdyýew, Kakadurdy Täjimow, Toýguly Jepbarow, belli diktor Setdar Abdyýew dagy bilen ýoldaş bolmak nesip edipdi. Olar bilen edilen edebi söhbetler, degişmeler kalbymda ýakymly ýatlama bolup galdy. Ýöne her bir zyýaratyň öz ähmiýeti, üýtgeşik täsirleri, geografik ýaýrawy bolýar. Bu ýylky zyýaratda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň merkezi şäheri Gürgeniň hem onuň töweregindäki şäherleriň gözel ýerlerinden geçildi. Biziň ýolumyz 2021-nji ýylda biri-birine golaý ýerleşen birnäçe obanyň goşulmagy netijesinde döredilen Magtymguly Pyragy şäheriniň hem üstünden geçdi. Bu şäheriň merkezini beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň owadan ýadygärligi bezeýär. Ol Aktokaýdan, takmynan, 100 kilometr günortada ýerleşýär. Munuň özi türkmen şahyrynyň Eýran topragynda örän uly sarpalanýandygyndan nyşandyr.

Gadymy hem bereketli Gürgeniň gözel tebigaty, hususan-da, onuň günortasyndan ençeme kilometre uzalyp gidýän okgeçmez gür jeňňelliklere basyrynyp, göm-gök dumany örtünip oturan belent dag gerişleri, ýurduň demirgazygyndaky Hazar deňziniň günorta kenarynyň daşyndan ýarymhalkalaýyn aýlanýan Elbrus (pars dilinde Alborz) dag ulgamlary, göýä diýersiň, döredijilik adamlary üçin ýörite ýaradylan ýaly joşgunly duýgyny oýarýar.

Baýram TAGAN, «Edebiýat we sungat».
Aşgabat — Aktokaý — Aşgabat.