Jiger (Hekaýa)

23 Maý 2024
410

Durdy mugallym synp otagynyň giň penjiresinden gözel tebigaty synlap otyrdy. Synp otagynda başga hiç kim ýokdy. Öýi golaý bolansoň, ol işe pyýada gatnaýardy. Säher bilen köçäni dolduryp, ýaz gülleri ýaly bolup barýan çagajyklara garyşyp mekdebe gaýtmagy ol özüne uly bagt saýýardy. Ýöne işden soň etrap merkezine gitmelidigi sebäpli, bu gün ol ulagyny münüp gelipdi. Edil synp otagynyň penjiresiniň gabadynda duran ulagyndan gözüni aýyrman oturyşyna, birdenkä ýaş şägirtleriniň biriniň guraýan görelde sapagyna gatnaşmaga söz bereni ýadyna düşdi. «Bu şägirdimem beýlekilerçe bar. Tüweleme, öwrenmäge, ökdelemäge jan edýär. Ýene bir gün-ýarym gün taýynlansak, görelde sapagy hökman üstünlikli geçer» diýip, pikire çümüp oturyşyna-da el telefonynyň jaň sesine ziňkildäp gitdi. Görse, aýaly eken.

— Hä, eýgilikmi, Annagül?

Jumadurdy GARAGULOW,
ýazyjy.