«Niçe dostlar bilen seýranda eken...»

23 Maý 2024
507

Aşgabadyň ilersinde, Köpetdagyň eteginde täze bir eser döredi. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan ol eser seni halklaryň kalbyna syýahata alyp gidýär. Sebäbi ol ýerde dostlukly halklaryň ençemesiniň kalbyndan ebedi orun alan ägirtler bar. Saýat Nowanyň, Şota Rustaweliniň, Rabindranat Tagoryň, Hafyz Şirazynyň, Şandor Petefiniň... mekan tutan seýilgähine aýlanyp ýörşüňe Berdinazar Hudaýnazarowyň:

...Bizi dostlaşdyrdy jenap şygryýet,
Şygryýetiň ýoly bolsa azaply...

Didar ERKÄÝEW.