Halyçy gyza

23 Maý 2024
299

Sülük ýaly barmaklar
Oýnaýar erişleri.
Şol erişler aýdymdyr —
Dutaryň kirişleri.

Bir-birine birleşip,
Özi sapylýan ýaly.
Kakylanda daraklar
Bedew çapylýan ýaly.

Silgeldi AKMYRADOW.
1982-nji ýyl.