"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hor­mat­ly oky­jy­lar!

2024-nji ýylyň II ýarymy üçin «Dünýä edebiýaty» žurnalyna abuna ýazylyşygy dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatlaryndan ugur alyp işleýän «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy geljekde hem okyjylaryň göwnünden turjak eserleri çap etmegi meýilleşdirýär. Žurnal ussat terjimeçileriň galamynyň astyndan çykan, maşgala gymmatlyklaryna, ýaşlaryň durmuşyna, çaga terbiýesine, pedagogika, psihologiýa, biznese, şahsy kämilliklere we döwrüň beýleki derwaýys ugurlaryna degişli eserleri okyjylara ýetirmegi maksat edinýär. Dünýä edebiýatynyň nusgalyk eserleri bilen ene dilimizde tanyşmagyň iň amatly usuly biziň žurnalymyza abuna ýazylmakdyr.

Pyragy milli sungatymyzda

20-nji iýunda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi jaýynda birleşik tarapyndan yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik sergisi açyldy. Sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we talyplary öz işleri bilen gatnaşdylar.

Türkmenistandan salam!

Ýakynda Ýaponiýa döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilende, bize-de bu ýurduň täsinliklerini ýakyndan synlamak miýesser etdi. Bu medeni dabaralara köpsanly medeniýet we sungat işgärleri bilen birlikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar. Bu bolsa syýasy-medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýaşlar Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen dabaraly duşuşyklarda we maslahatlarda çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen-ýapon gatnaşyklary babatdaky tagallalaryna aýratyn ünsi çekdiler. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň hoşmeýilliligini taryh tassyklaýar. Aýratyn-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda dost-doganlyk gatnaşyklarymyz has-da jebisleşdi. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna şu ýylyň 22-nji aprelinde 32 ýyl doldy. Şu geçen ýyllarda köpugurly hyzmatdaşlygyň netijesinde ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Mary şäherinde ammiak we karbamid önümçiligi zawody, Gyýanlyda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça toplum, Garabogazyň karbamid zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki

Halka gowşan hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärliklere baryp göreniňde, Diýarymyzdaky muzeýlerde saklanýan gymmatlyklary synlanyňda, gadymy topragymyzyň baý taryhynyň bardygyna buýsanjyň artýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 14-nji iýunynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde baý taryhymyzyň «dil açyşy» bilen baglanyşykly ýene bir hoş habaryň şaýady bolduk. Ol hoş habaryň hut biziň etrabymyz bilen baglanyşyklydygy has-da ýakymly waka boldy. Ýagny, şol mejlisde hormatly Prezidentimize Saparmyrat Türkmenbaşy etrabymyzyň Döwkesen geňeşliginden tapylan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňäniň, 61 sany altyn teňňäniň bölekleriniň, ondan başga-da dürli tapyndylaryň 8-siniň tapylandygy habar berildi.

«Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma...»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: — Magtymgulynyň şygyrlary dagdan çogup çykan gözbaşy arassa çeşmäniň suwy kimin jana şypalydyr. Ol şygyrlar edil daň säheriniň howasy ýaly tämizdir.

Dünýä içre dünýä

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna nazar aýlap çykanyňda, ilki bilen, onuň söze çäksiz uly sarpasyna gözüň kaklyşýar. Ussadyň gaçgyny boşsözlülik. Ol her sözüň manysyna uly ähmiýet bermek bilen, okyja ýetirjek pikirlerini aňlatmakda, bir tarapdan, onuň kalbyna iň ýakyn ýoly saýlap alsa, başga bir tarapdan, beýan etmegiň iň çylşyrymly menzillerinden aýlaw edýär. Şahyr, hatda halk döredijiligini-de şeýle bir ussatlyk bilen peýdalanýar welin, öňden hem kalbynda bar zady okyjy göýä täzelik ýaly, gaýtadan kalbyna guýýar, oňa mäkäm orun berýär: Dostuňy egleme, nepden galmasyn,Duşmanyň saklama, syryň bilmesin.

Pyragy we türkmen metbugaty

Okyjylaryň soraglaryna jogap gözläp, kitaphanamyzda Magtymguly Pyraga degişli maglumatlary seljerip otyrkam, şahyra degişli ýazgylara gabat geldim. Meşhur şahyr baradaky bu gymmatly maglumat 1914-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen we pars dillerinde çykyp başlan «Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazeta» diýen gazetde çap edilipdir. Bu gazet 1917-nji ýylyň maý aýyna çenli neşir edilýär. Gazet türkmen edebiýatyna, taryhyna, etnografiýasyna we türkmen halk döredijiligine degişli makalalary çap etmekligi göz öňünde tutup, şeýle sözler bilen halka ýüzlenipdir: «Türkmenlerde edebi miras bilen bagly köp ýagşy meseleler bar. Ol meseleler ýyldan-ýyla ýitip barýar. Türkmen halky, biz sizden köp towakga edýäris, siz bize mesele ýazyp iberseňiz, ol meseleleri biz basmahanada basdyrsak, ýüz ýyldan soň hem aramyzdan ýitjek däl. Hemişe okamak boljak. Köne adamlardan alnyp galynmasa, olar aradan ýitjek».

Sazyň gudraty (Hekaýa)

Hakyky ady Döwlet bolsa-da, obadaşlary ony «Adalak bagşy» diýip tanaýardylar. Onuň bag-bakjaly giň howlusyndaky ullakan sekiniň üstüne ýazylan düşek ir ertirden giç agşama çenli ýygnalanokdy. Çagalar gyzykly ertekidir rowaýatlaryny diňlemäge gelseler, ulular onuň aýdym-sazynyň aşygy. Bagşynyň bolsa ýadamasy-ýaltanmasy, näzini çekdirmesi ýok, diňleýjileriň göwnüni awlap bilse bolany. Şägirdi Bähbit aga her gün halypasy bilen didarlaşyp, aýdym-saza güýmenmese, bir zady kem ýaly, ýüregi takat tapanok. Bu günem ol irden çaý-naharyny edindi-de, dutaryny alyp, Döwlet bagşynyňka tarap ýola düşdi.

Syrdaş (Şahyrana oýlanma)

Men ýene-de saňa ýüregimi dökdüm, köneje depderim. Ýürek urgularymyň keşbi bolan bu sözleriň hiç birini niýetlenilen ynsana ýetirmejegiňi bilsemem, alyslarda galan arzuwlaryň suratyny ýene-de saňa ynandym. Hiç kime ýollanylmajak haty ýazmagymyň sebäbine köpleriň düşünmejegini bilýän. Dogrusy, munuň sebäbini öňler özümem bilemokdym. Ýöne wagt geçdigiçe, köneje depderimiň yssysynyň artyp gidip barmagy maňa bu zatlaryň sebäbini düşündirdi. Görüp otursam, arka atylan ýyllar seni iň ýakyn syrdaşlarymyň birine öwrüpdir, köneje depderim! Şonuň üçinem, köne-de bolsaň, sen maňa täze tanyşlarymyň köpüsinden gymmatly.

Şygryýet

Buýsançnama Älemiň gurluşy sungat, mukamynda Arşy owaz,Sungat — kalba ylham-hümmet, dünýäň bossanynda perwaz,Bakydyr ruhy gymmatlyk, ýaşaýyşa owsun-telwas,Watan bu gün şöhrat-şanda, äleme ykrar, Arkadag!

Aşyk şahyr Saýat Nowa

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Saýat Nowa lakamy bilen meşhur ermeni şahyry Arutýun Saýadýanyň hem heýkeli bar. Saýat Nowa 1712-nji ýylyň 14-nji iýunynda Tbilisi şäherinde dünýä inýär. Şahyr goşgularynyň birinde kakasynyň Halapda ýaşandygy, ejesiniň ermenileriň awlabar tiresindendigi, özüniňem Tbiliside doglandygy barada maglumat getirýär. Ol ilkinji şygyrlaryny çaga wagty düzýär, gündogar saz gurallaryny (esasanam kemençe) çalmagy öwrenýär. Öz goşgularyna aýdym döredýär. Şahyr baradaky ýalňyz maglumat çeşmesi onuň golýazmalarydyr. Eli bilen ýazan şygyrlarynda goýberen ýalňyşlaryndan çen tutup, alymlar onuň doly, yzygiderli bilim almandygy baradaky pikiri öňe sürýärler. Başga bir maglumatda gruzin ybadathanasyndaky mekdepde okandygy aýdylýar. Ýöne onuň ermeni, gruzin, azerbaýjan, pars, buluç, türk dillerini bilendigini-hä alymlar tassyklaýarlar. Dürli maglumatlara görä, şahyryň ermeni dilinde 60, gruzin dilinde 34, azerbaýjan dilinde 115, pars dilinde 6 goşgusy biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Okaň, bagtly balalar!

Çagalykdan kitap okasaň, düşünjäň, oý-pikiriň artýar. Ylaýta-da, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň paýhas ummanyndan ýüregiňe daman damjalardan ganmak lezzetli. Şahyryň her bir setiriniň aňyrsynda rowaýata siňen hakykat bar. Çuň mana ýugrulan şol rowaýatlar ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. «Ady bar-da, özi ýok». Körpe okyjylar! Magtymguly Pyragynyň türkmen tebigatyndaky guşlary rowaýaty äheňde çeper beýan edendigini biljek bolsaňyz, basymjak bu kitaby okaň! Kitapdaky guşlar: yshak, turaç, mollatorgaý sizde gowy duýgulary döreder.

Ýazyjynyň ýandepderçesinden

«Goňşym razy bolsun...» Maşgala terbiýesi ýaly belent zat ýok. Ýazyjy dostum Juma Hudaýgulyýewiňem ejesi, kakasy, daýysy türkmençiligiň däp-dessurlaryny örän gowy bilýän adamlar bolupdyr. Şonuň üçinem olar Jumany çagalykdan täsin rowaýatlaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Ol bize ejesinden eşiden, durşy bilen türkmençilige ýugrulan şu rowaýaty aýdyp beripdi.

Körpelere okap beriň!

Tapmaçalar Men «gül» diýipÝaşaýaryn.Güller içreÝaşarýaryn.

Şygryýet bossany

Aşgabat Köpetdagyň gerişlerin alkymlap,Dünýäň möhüm merkezinde ýalpyldap,Ak şähermiz gije-gündiz nur saçýar,Myhmanlara gujak açýar Aşgabat.

Kitap okamagyň edebi

Kitap, elbetde, ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Dost bilen gatnaşygyň bolsa öz edebi, medeniýeti bardyr. Şonuň üçin hem kitaby diňe bir okamak ýa-da gowy görmek ýeterlik däl. Ony gorap saklamak gerek. Okamak üçin alnan amanat kitaby bolsa gözüň göreji ýaly aýawly saklamaly. Köpçülikde kitaby sessiz okamaly. Kitabyň möhüm maglumatly ýerlerine galam bilen bellik etmek peýdalydyr. Eger kitap özüňki däl bolsa, belligi aýratyn depdere ýa ýandepderçä etmeli. Kitaphanada ýa köpçülik ýerlerinde ýanyňyzdaky biriniň okaýan kitaby sizi gyzyklandyrsa, boýnuňy uzadyp, edepsiz görünmeli däl-de, mylaýymlyk bilen islegiňizi duýdurmaly.

Syntgylanan setirler

• Hoş bolmadykdan hoşamaýlyga garaşma. • Hunabany hödür etmän, ýuwutdyrýarlar.

Arkadagly Serdarymyz halk bilen!

«Watan diňe halky bilen Watandyr!Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».Bu sözleň aslynda söýgi ýatandyr,Bu sözler asman deý soňsuz söhbetdir. Öz halkyna ynam bilen baş bolup,Arkadagly Serdarymyz sözlände, Halkyň göwni göterildi guş bolup, Şa nazary ulus-ile gözlände.

«Türkmen binasyna» nezire

Dostlar-a, bir şäher gördüm, şäherleriň baharydyr.Milli Liderden güýç alan, ol Arkadag şäheridir. Badalgasy Oguzkentdir, oguz-türkmen ruhudyr,Tirsekläp ýatan mesgeni Köpetdag ýakasydyr.

Ömürleriň ebedilik şamçyragy

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen «Magtymguly» atly kitapda akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilipdir. Bu kitap şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, watançylyk bilen bagly şygyrlaryny öz içine alýar. agtymguly Pyragy halklaryň arasyndaky synmaz köpri bolup durýar. Dana Pyragynyň «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Äleme belgilidir» atly goşgulary bilen başlanýan kitap bizi geçmişimize hem-de şu günümiziň üsti bilen geljegimize sary alyp gidýär. Magtymguly taryh, edebiýat boýunça beýik mugallym hökmünde öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meseleleri barada sapak berýär. Akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ula hormat, kiçä sarpa goýmak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, milli döwletlilik ýaly pelsepewi garaýyşlary, türkmen tebigatyny beýan edýän umman ýaly giň, dür ýaly gymmatly, merjen düzümi deý çeper şygyrlary her okyjyny çuňňur oýlandyrýar.