«Goňşym razy bolsun...»
Maşgala terbiýesi ýaly belent zat ýok. Ýazyjy dostum Juma Hudaýgulyýewiňem ejesi, kakasy, daýysy türkmençiligiň däp-dessurlaryny örän gowy bilýän adamlar bolupdyr. Şonuň üçinem olar Jumany çagalykdan täsin rowaýatlaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Ol bize ejesinden eşiden, durşy bilen türkmençilige ýugrulan şu rowaýaty aýdyp beripdi.