Dünýä içre dünýä

20 Iýun 2024
403

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna nazar aýlap çykanyňda, ilki bilen, onuň söze çäksiz uly sarpasyna gözüň kaklyşýar. Ussadyň gaçgyny boşsözlülik. Ol her sözüň manysyna uly ähmiýet bermek bilen, okyja ýetirjek pikirlerini aňlatmakda, bir tarapdan, onuň kalbyna iň ýakyn ýoly saýlap alsa, başga bir tarapdan, beýan etmegiň iň çylşyrymly menzillerinden aýlaw edýär. Şahyr, hatda halk döredijiligini-de şeýle bir ussatlyk bilen peýdalanýar welin, öňden hem kalbynda bar zady okyjy göýä täzelik ýaly, gaýtadan kalbyna guýýar, oňa mäkäm orun berýär:

Dostuňy egleme, nepden galmasyn,
Duşmanyň saklama, syryň bilmesin.

Begenç HYDYROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.