Sazyň gudraty (Hekaýa)

20 Iýun 2024
329

Hakyky ady Döwlet bolsa-da, obadaşlary ony «Adalak bagşy» diýip tanaýardylar. Onuň bag-bakjaly giň howlusyndaky ullakan sekiniň üstüne ýazylan düşek ir ertirden giç agşama çenli ýygnalanokdy. Çagalar gyzykly ertekidir rowaýatlaryny diňlemäge gelseler, ulular onuň aýdym-sazynyň aşygy. Bagşynyň bolsa ýadamasy-ýaltanmasy, näzini çekdirmesi ýok, diňleýjileriň göwnüni awlap bilse bolany.

Şägirdi Bähbit aga her gün halypasy bilen didarlaşyp, aýdym-saza güýmenmese, bir zady kem ýaly, ýüregi takat tapanok. Bu günem ol irden çaý-naharyny edindi-de, dutaryny alyp, Döwlet bagşynyňka tarap ýola düşdi.

Ödegeldi KULYÝEW.