Arkadagly Serdarymyz halk bilen!

20 Iýun 2024
447

«Watan diňe halky bilen Watandyr!
Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».
Bu sözleň aslynda söýgi ýatandyr,
Bu sözler asman deý soňsuz söhbetdir.

Öz halkyna ynam bilen baş bolup,
Arkadagly Serdarymyz sözlände,
Halkyň göwni göterildi guş bolup,
Şa nazary ulus-ile gözlände.

Seýitmyrat GELDIÝEW