"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hümmet ýagşydyr...

Türkmen halkynyň taryhy, şol sanda türkmen ykdysady taglymatynyň taryhy hem beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we onuň dünýägaraýşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dana şahyryň döredijiliginde halkyň hojalyk durmuşy, ykdysady garaýyşlary öz beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragynyň «Armanym galdy» goşgusynda bazar we haryt gatnaşyklaryna degişli jümlelere duş gelmek bolýar. «Gymmat ýagşydyr» atly goşgusynda maddy gymmatlyk, pul we onuň hümmeti diýen düşünjeler babatda şeýle setirler bar: Söwdagärlik kylyp bazar gezenden, Alsaň nesihatym, gymmat ýagşydyr.Hatam bolup, günde gyzyl berenden,Köňülde edilen hümmet ýagşydyr.

Durmuş pelsepeleri

Kitaplar ullakan dünýä. Men şol dünýäniň içine siňip, ondan özümi tanamagy hem-de tapmagy öwrendim. * * *

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Bazar ÖWEZOW, «Ynsan häsiýeti». Mundan 45 ýyl ozal çapdan çykan kitapda ýedi sany hekaýa bar. Ýöne bary-ýogy 37 sahypadan ybarat kitabyň dynç alyş günlerinde sizi mekdebe gaýtadan alyp gitjekdigine ynanýarys. Hawa, kitapdaky hekaýalar siziň deň-duşlaryňyzyň gyzykly başdangeçirmelerini gürrüň berýär. Kitap bilen adybir hekaýa-ha has-da gyzykly. Atajan atly şäherli oglanjygyň obadaky başyndan geçiren gyzykly wakalary sizi dessine özüne çeker.

Gulliweriň täsin syýahaty

Megerem, siz deňze çykyp, täsin wakalara, geň-enaýy başdangeçirmelere duçar bolan adamlar baradaky gyzykly filmlere ýa-da multfilmlere tomaşa eden bolsaňyz gerek. Şolaryň içinde iň gyzyklysy siziň üçin haýsysy?! Özüm-ä Gulliweriň syýahatyny saýlap alardym. Sebäbimi?! Deňze syýahata çykan Gulliweriň barmak boýluja, kiçijek girdenekleriň ýurdunda başdan geçirýän gyzykly wakalary, geň-enaýy pursatlary diňe bir meniň däl, dünýäniň ähli çagalarynyň hem ünsüni özüne çekendir. Geliň, başdan başlalyň! Irland ýazyjysy Jonatan Swiftiň «Gulliweriň syýahaty» atly meşhur eseri esasynda surata düşürilen multfilm hemmeleriň ýadyndadyr. Onda Lemuel Gulliwer atly lukman deňizdäki birnäçe adalarda syýahat edip ýörkä, ol ýerde kiçijek boýly girdenekleriň ýurduna düşýär. Göwresi äpet, döw ýaly Gulliweri gören girdenekler heniz ol ukudaka ýüp bilen daňyp, ondan heder edýärler. Emma päk ýürekli Gulliwer olara zyýan ýetirmän, girdenekler bilen mähirli gatnaşyk saklaýar, olara kömek edýär. Ol girdenekleriň ýurdunda bolanda, ol ýerdäki birnäçe kynçylyklary, uruş-dawany hem çözüp berýär. Gulliweriň mähribanlygy, şadyýanlygy, ak ýürekliligi hemmeleriň, hatda kiçijek girdenekleriň hem göwnüne ýaraýar. Şeýdip, bu äpet adam dünýäniň ähli çagalarynyň, hatda uly ýaşlylaryň hem söýgüli gahrymanyna öwrülýär.

Edebi miras

Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Men kim?

Sarpasy belent şahyr

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabyndaky: «Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy» diýen jümlelerden görnüşi ýaly, bu setirler akyldar şahyrymyzyň ynsan kalbyna we aňyna baky ornaşandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şahyryň: «Hor galmasyn puştdan-puştum, Berkarar döwlet islärin» diýip, kämil kanunly häzirki milli döwletimiziň arzuwyny edip ýören mahallary halkymyz beýik akyldaryň şygyrlaryny jemgyýetiň ynsap ölçegi hasaplapdyr. Her bir meselede Magtymguly Pyragynyň many-maňyza, akyl-paýhasa baý setirlerinden hakykaty gözläpdirler, onuň pikirini gep-gürrüňsiz dogry çözgüt hökmünde kabul edipdirler.

Söz ussadynyň toýuna sözden heýkel

«Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guly» Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sowgatlaryň — ylmy, çeper, publisistik eserleriň, kitaplaryň sany ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygrynda öňe sürýän garaýyşlary söze sarpa goýýan her bir adama ylham bagyşlaýar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas mekdebinden ruhlanan dost-dogan halklaryň wekilleri hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli neşirleri taýýarlap, bu şanly senä sowgat edýärler. Ýubileý sene mynasybetli maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen iri forumlara, şol sanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşan myhmanlar bu neşirleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna gowşurdylar.

Tymsallar

Ýalňyz adam Bir kişi dana gojanyň ýanyna gelip, özüniň düşen halyny beýan edipdir:

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly mekdebiniň miweleri XVIII asyr nusgawy edebiýatymyz türkmen edebiýatynyň altyn asyry hasaplanylýar, bu asyr milli döwletiň we döwletliligiň ruhy binýadyny goýan ýüzýyllyk bolup, türkmen taryhynda uly orun eýeleýär. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri şol ruhy binýadyň başyny başlapdyr. Azady bu kitabynda milli döwlet we ony edara etmegiň düzgünleri, adyl şa, zähmetkeş halkyň hak-hukugyny gorap, garyp-gasarlara kömek etmek, ylmy goldamak ýaly umumadamzat bähbitli teklipleri orta atypdyr.

«Myradym nesihat etmekdir halka»

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat bähbitlerinden ugur alýar. Şahyr özünden öň ýaşap geçen Gündogaryň söz ussatlarynyň döredijilik däplerini dowam etdirip, edebiýaty durmuş bilen, halk ykbaly bilen baglanyşdyran danadyr. Parasatly şahyr öz eserlerini türkmen halkynyň filosofiki garaýyşlary, milli däp-dessurlary, duýgy-düşünjeleri bilen baýlaşdyrypdyr. Magtymguly şygyrlarynda döwlet gurmagyň şertlerini milli aýratynlyklary göz öňünde tutup aýdyňlaşdyrýar. Onuň ilkinji şerti bolan ýurt hem millet bitewüliginiň täze jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydygy baradaky pikiri öňe sürýär. Döwlet üçin ähli şertleriň bar ýerinde bu işi amala aşyrmagy şahsyýetiň paýyna goýýar.

Ady dünýä dolan akyldar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkyň hakydasynda baky galjak wakalara beslenýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň medeni durmuşy bilen baglanyşyklydyr.  Doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň deňi-taýy bolmadyk äpet ýadygärliginiň hem-de onuň adyny göterýän taryhy-medeni seýilgähiň açylmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, türkmen, iňlis, rus dillerinde «Magtymguly» atly ýubileý sowgatlyk neşiriniň çapdan çykmagy, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi şanly hem buýsançly wakalara beslendi.

Watançylygyň ebedi kökleri

Türkmenler asyrlaryň dowamynda watançylyk duýgusyny kämilleşdirip gelen halkdyr. Oguz türkmenleriniň gadymyýetiň jümmüşinde guran döwletleri-de berkararlygyň, özbaşdaklygyň ilkinji sütünleri bolmak bilen, halkymyzyň hut özüne mahsus kämil watansöýüjiliginiň ykraryýetidir. «Ser bererin, ýer bermerin!» diýen nesilbaşymyz Oguz han beýik watançy bolmak bilen, ýurt goragynda hemişe berk durupdyr. Şundan gözbaş alyp gaýdan watançylyk duýgusy soňky sekiz asyryň içinde öňküden-de çuňlaşyp, kalplarda müdimi orun alypdyr, «ýurt, ojak» diýen mukaddes düşünjeleriň esasynda has-da beýgelipdir. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragy hem berkarar döwlet gurmagyň arzuw-isleginde ýaşamak bilen, özüniň dürdäne döredijiliginde watansöýüjiligi, ilkinji nobatda, öňe sürüpdir. Ol şeýle möhüm garaýyşlary beýan edende merdana pederlerimiziň watansöýüjiliginden ruhlanypdyr hem-de olary nusgalyk mekdep hökmünde hertaraplaýyn çuňňur şöhlelendiripdir:

Sen yşkyň özüdiň

«Adamyň göwni garramaýar» diýleni dogry. Saňa sataşan günümi ömrümiň iň bagtly güni hasaplaýaryn. Sebäbi seniň barlygyňda meniň üçin dünýä biçak owadandy. Ynansaň, sowugy, yssyny bilmezdim, näme iş etsem, yhlas, höwes bilen ederdim. Özümem şeýlebir şadyýandym, dilewardym. Şol günler göwnühoş bolup daşaryk çykanymda käwagt asmana serederdim. Şonda asmanyň ýüzüni bulut tutup duran bolsa-da, maňa ap-aýdyň bolup görünýärdi. Göwnüme bolmasa, kalbymyň joşundan ýaňa bu dünýä meniňkidi. Ony köňül köşgümde ýerleşdirýärdim. Söýginiň mülkünde olam has-da görklenýärdi. Hawa, seni görmek beýle-de dursun, adyňy eşitsem-de, ýüregim gürsüldäberýärdi. Ýüregim diňe sen tarapa atygsaýardy. Çünki meniň dünýämde sen bardyň. Seniň barlygyňda bolsa men örän bagtlydym. Ruhy dünýämem asudady. Ähli zatlar meniň üçin täsindi. Özümi diňe seniň ýanyňda ýaly duýýardym. Birdenem, sen meniň durmuşymdan, gözümden durna deý gaýyp bolduň-da gidiberdiň.

Müň syrly mekdep

Iňňän aňyrda-da bar bolsa älem,Bar bolsa müňde bir syry pelegiň,Pyragynyň diwanyny gulaçlap,Akyl çanagyňa salyp, elegin! Uşakgöz elekden geçen yşkyňy,Seljäre tapylsa bir zerre ynam.Özüňden özgäge açyp bolmajak,Paýhas derýasyny boýlanňa ynan.

Jul

«Göwher — kül içinde, bedew — jul içinde» diýen çuň mazmunly nakyly döreden eždatlarymyz seýisçilik sungatyndan, atşynaslyk ylmyndan çuňňur habarly bolupdyrlar. «Jul» sözüne «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «atyň üstüne ýapylýan ýapynja, basryk» diýip düşündiriş berilýär. Söz mülküniň soltany Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de bu aňlatma duşýarys:

Ilkinji söýginiň ýelgini

Nädip düşündirjek bu gün ir säher Ejeňden bir sagat owal turanňy?!

Kim akylly, kim akmak?!

Bir akyldardan: — Kimi akylly saýyp bolar — diýip sorapdyrlar.

Hekaýat

Ýagşylyk Bir gün bir garyp oglanjyk öz okuwy üçin gerek bolan ýol tölegini gazanmak üçin, gapy-gapy aýlanyp, haryt satyp barýarka, özüniň örän ajykýandygyny duýup, bary-ýogy 10 sentiniň galandygyna garamazdan, indiki gapa baranda öý eýesinden iýmäge bir zatlar soramak kararyna gelýär. Ýöne ol oglanjyk gapyny ýaş, owadan bir zenan açanynda aljyrap iýmitiň ýerine suw sorapdyr. Ýaş zenan oglanjygyň açdygyny bilip, oňa bir uly bulgury dolduryp süýt getirip beripdir. Oglanjyk süýdi haýaljakdan içipdir-de:

Bolan waka

Ýene-de çary ýylançy hakda Men mundan ýigrimi ýyl ozal hem Çary ýylançy hakda giňişleýin makala bilen “Maru — şahu jahan” gazetinde çykyş edipdim. Men täzelikde eşiden gürrüňimi hem okyjylara hödürlemegi makul bildim.

Magtymgulynyň muşdaklaryna sowgat

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edebiýaty öwreniş ylmynda täze hem täsin pikirleri ýüze çykarmakda-da uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň şeýledigine filologiýa ylymlarynyň kandidaty Maral Atdaýewanyň şu ýyl «Ylym» neşirýatynda çapdan çykan «Magtymgulynyň çeper filosofiýasynyň esaslary» atly kitabyny okanyňda hem ýakyndan göz ýetirmek bolýar. Kitabyň Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň bir bendi hem-de akyldar şahyrymyz hakda aýdan: «Çünki dünýäni danalaryň görşi başgaça, danalyk bolsa ynsanyň öwredip bolmaýan, terbiýe bilen gazanylmaýan hususy baýlygy» diýen dürdäne sözleri bilen başlanmagy onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Awtoryň kitabyň girişinde jaýdar belleýşi ýaly, Magtymgulynyň dünýägaraýşy orta asyr Gündogar akyldarlarynyň asyrlaryň dowamynda işlenip düzülen filosofik garaýyşlarynyň esasynda kemala gelýär. Şoňa görä, bu filosofik akymlaryň akyldaryň pelsepewi dünýägaraýşyna ýetiren döredijilikli täsirini aýdyňlaşdyrmak işiň ilkinji wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýlelikde, kitabyň «Magtymgulynyň çeper pelsepewi dünýägaraýşynyň filosofik çeşmeleri» atly birinji babynda biz şahyryň ruhy halypalarynyň, dünýä filosofiýasynyň beýik akyldarlarynyň atlary bilen tanyşýarys. Bu babatda kitabyň girişinden hem awtoryň şeýle sözlerini mysal getirmek ýerlikli bolar: «Aslynda, bu mekdepler dünýä filosofiýasynda gi