Ady dünýä dolan akyldar

10 Iýul 2024
182

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkyň hakydasynda baky galjak wakalara beslenýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň medeni durmuşy bilen baglanyşyklydyr. 

Doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň deňi-taýy bolmadyk äpet ýadygärliginiň hem-de onuň adyny göterýän taryhy-medeni seýilgähiň açylmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, türkmen, iňlis, rus dillerinde «Magtymguly» atly ýubileý sowgatlyk neşiriniň çapdan çykmagy, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi şanly hem buýsançly wakalara beslendi.

Jepbarmämmet GÖKLEŇOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýakyn Gündogar dilleri kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.