Sen yşkyň özüdiň

10 Iýul 2024
269

«Adamyň göwni garramaýar» diýleni dogry. Saňa sataşan günümi ömrümiň iň bagtly güni hasaplaýaryn. Sebäbi seniň barlygyňda meniň üçin dünýä biçak owadandy. Ynansaň, sowugy, yssyny bilmezdim, näme iş etsem, yhlas, höwes bilen ederdim. Özümem şeýlebir şadyýandym, dilewardym. Şol günler göwnühoş bolup daşaryk çykanymda käwagt asmana serederdim. Şonda asmanyň ýüzüni bulut tutup duran bolsa-da, maňa ap-aýdyň bolup görünýärdi. Göwnüme bolmasa, kalbymyň joşundan ýaňa bu dünýä meniňkidi. Ony köňül köşgümde ýerleşdirýärdim. Söýginiň mülkünde olam has-da görklenýärdi.

Hawa, seni görmek beýle-de dursun, adyňy eşitsem-de, ýüregim gürsüldäberýärdi. Ýüregim diňe sen tarapa atygsaýardy. Çünki meniň dünýämde sen bardyň. Seniň barlygyňda bolsa men örän bagtlydym. Ruhy dünýämem asudady. Ähli zatlar meniň üçin täsindi. Özümi diňe seniň ýanyňda ýaly duýýardym. Birdenem, sen meniň durmuşymdan, gözümden durna deý gaýyp bolduň-da gidiberdiň.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.