Sarpasy belent şahyr

11 Iýul 2024
280

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabyndaky: «Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy» diýen jümlelerden görnüşi ýaly, bu setirler akyldar şahyrymyzyň ynsan kalbyna we aňyna baky ornaşandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şahyryň: «Hor galmasyn puştdan-puştum, Berkarar döwlet islärin» diýip, kämil kanunly häzirki milli döwletimiziň arzuwyny edip ýören mahallary halkymyz beýik akyldaryň şygyrlaryny jemgyýetiň ynsap ölçegi hasaplapdyr. Her bir meselede Magtymguly Pyragynyň many-maňyza, akyl-paýhasa baý setirlerinden hakykaty gözläpdirler, onuň pikirini gep-gürrüňsiz dogry çözgüt hökmünde kabul edipdirler.

Gülnäzik AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.