Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

11 Iýul 2024
255

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)

Bazar ÖWEZOW, «Ynsan häsiýeti». Mundan 45 ýyl ozal çapdan çykan kitapda ýedi sany hekaýa bar. Ýöne bary-ýogy 37 sahypadan ybarat kitabyň dynç alyş günlerinde sizi mekdebe gaýtadan alyp gitjekdigine ynanýarys. Hawa, kitapdaky hekaýalar siziň deň-duşlaryňyzyň gyzykly başdangeçirmelerini gürrüň berýär. Kitap bilen adybir hekaýa-ha has-da gyzykly. Atajan atly şäherli oglanjygyň obadaky başyndan geçiren gyzykly wakalary sizi dessine özüne çeker.

Altyn AKYÝEWA,
Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory.