"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halypamyz Magtymguly Pyragy

Bu gün arzuw eden zamanaň geldi,Halypamyz Magtymguly Pyragy!Şöhratyň, abraýyň äleme doldy,Halypamyz Magtymguly Pyragy! Öwüt-ündewlere ýugrulan şygyr,Baryn miras aldy bagtyýar döwür.Täze galkynyşdan ganatly göwünHalypamyz Magtymguly Pyragy!

Häsiýetler hakynda ylmy-edebi seljerme

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, dünýä döwletleriniň hem ençemesinde uly dabaralara beslenýän ýyly bolan üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi şahyryň ömri-döredijiliginiň has çuň öwrenilmegine we ähladamzat gymmatlygy hökmünde dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilik açdy. Akyldar şahyrymyzyň her setiri guba düýä deň görlen goşgularynyň manysyny tirip, paýhas ummanyny boýlaýan ylym adamlary, magtymgulyşynaslar indi tegelek üç ýüz ýyldan bäri milletiň ruhy iýmitiniň çeşmesi bolup gelýän parasat baýlygynyň hamyrmaýasy hakyndaky täze-täze eserler bilen giň okyjylar köpçüligini begendirýärler. Şeýle gymmatly eserleriň birbada ikisi kitap tekjelerimizdäki eserleriň üstüni ýetirdi. Pedagogik ylymlaryň kandidaty Çary Gurbangeldiýewiň «Ýagşyny älem arzuwlar» we «Halk ýamanyň bizarydyr» atly iki jiltlik ylmy-edebi we terbiýeçilik mazmunly kitaby ýurdumyzyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilip, okyjylaryň eline gowuşdy.

Tymsallar

Ýanyňda ýaryň bolsa Öňki asyryň 90-njy ýyllarynda ABŞ-nyň Detroýt şäherindäki elektrik kompaniýasynda hepdede 11 dollar zähmet hakyny alýan ýaş mehanik işläpdir. Ol her günde 10 sagatlap işläp, öýüne gelenden soňra hem öz saraýynda, köplenç, ýarygijä çenli zähmet çekipdir. Ol ýeňlerini çermäp işlemek bilen, ulaglaryň täze hereketlendirijisini döretmek isleýärdi. Kakasy onuň bu pişesini biderek wagtyňy ýitirmek, goňşulary bolsa aklyňdan azaşmak diýip hasaplapdyrlar. Köpler onuň bu işiniň başa barjakdygyna ynanmaýan ekeni. Ýöne oňa ýalňyz bir adam — aýaly ynanýardy we elinden gelen kömegini berýärdi. Ol gijelerine işläp duran adamsynyň ýokarsynda birnäçe sagatlap nepýagly çyrany tutup durýardy. Zenan sowukdan ýaňa elleri gögerip gitse-de, ýygy-ýygydan sowuklasa-da, bu işini bes etmeýärdi. Sebäbi ol bütin düýrmegi bilen adamsyna ynanýardy. Birnäçe ýyldan soňra günleriň birinde olaryň saraýynda üýtgeşik ses ýaňlanýar. Biraz wagtdan bolsa goňşulary şol aklyndan azaşan diýýän kişisiniň aýalyny ýanynda oturdyp, at goşulmadyk geň ulagy sürüp barýandygyny görýärler. Ol geň adam Genri Forddy.

Beýik akyldaryň pähim-paýhasy

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Ol halk arasynda beýik söz ussady, parasatly akyldar, görnükli jemgyýetçilik adamy hökmünde meşhurlyk gazanypdyr. Şahyr nusgawy edebiýatyň we jemgyýetçilik aňynyň ösüşine ägirt uly goşant goşdy. Dana Pyragynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir. Ine, şu nukdaýnazardan biz hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eserinde Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň mynasyp beýany hakynda söhbet etmegi makul bildik. Çünki bu eseriň many-mazmunynda söz ussadynyň keşbi eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyryň döredijiliginde ata-enä hormat-sarpa, perzendiň olaryň öňündäki borjy hakynda içgin aýdylýar. Çünki ata-ene mukaddes, olar Käbä hem-de Kybla deňelýär. Biziň bu pikir ýöretmelerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda şeýle şöhlelenýär: «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşyň ähli ugurlary şöhlelenýär, şahyr pikirimizdäki ähli zatlary şygra geçiripdir diýip aýdylmagy asyrlaryň dowamynda ykrar edilen hakykatdyr».

Göwündeşim sensiň, eje!

Syr saklaýan mähek daşym, Syrdaşym sen, göwün hoşum.Ýürekdeş ýakyn joram sen,Käbäm ejem — bagt guşum! Şatlygymy hem gussamy,Hemmelerden öň duýýanym. Dünýäm, durmuşym, ykbalym,Ejemdir meniň söýýänim.

Maksatly menziller

Bagtlylyk — ynsanyň arzuwlarynyň wysal tapmagy. Ýürekde beslän arzuwlaryňa ýetmek hem ykbalyň saňa eçilen bagtyýarlygy. Nesibe — çekilen irginsiz zähmet bilen ynsan arzuwlarynyň bilelikdäki miwesi. Çagalygymdan gursagyma guýlan Watan söýgüsi kämillik ýaşymyň dolmagy bilen öz goragyna çagyrdy. Garaz, ak mekdebi tamamlap, durmuş ýolumyň ilkinji ädimini Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluk borjum bilen başlamagym, ozaldan kalbymdaky watançylyk duýgymy has-da artdyrdy. Haçan-da ilkinji arzuwyma ýetenimde, «Watan goragçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolanymda, bagtlylygyň çuňňur lezzetini duýdum. Çünki Watany goramak iň beýik mertebedir. Bu barada

Watan, seniň yşkyňda

Daglaryňda keýik bolup ýaýnasam, Baglaryňda bilbil bolup saýrasam,Gülleriňden anbar bolup ýaýrasam,Çeşme-bulaklarňa owaz goşaryn, Watanym, yşkyňda gaýnap joşaryn!Älemgoşar deýin bezäp gögüňi,Söýýän daň säheriň tämiz çygyny.Togap edýän düzleriňi, dagyňy,

Geýme garany

Müjgäniň inderip, çytma gaşyňny, Gel, eý, Selbim, sen geýinme garany.

Rowaýat

Soňuny pikir et! Gadym döwürlerde uly ýurduň patyşasy aw-şikardan gelýärkä bir bagyň ýüzüne ýazylan hata gözi düşüpdir. Ol hatda: “Soňuny pikir et!” diýen sözler bolupdyr. Juda uly many aňladýan ol sözler patyşanyň göwnünden turupdyr hem-de ol sözleri öz tabagyna ýazdyrypdyr.

Hekaýat

Ynamyň gudraty Ir döwürlerde obanyň bir baý adamy bar eken. Ol öz ogluna çöle gidip, çopandan mallaryň hasap-hesibini soramagy we bir-iki sany işşek goýny soýup, huruşlyk üçin alyp gaýtmagy tabşyrýar. Ogly atyna münüp, ýola düşýär. Barmaly ýerine barandan soň, çopana salam bermäge derek dessine mallaryň ýagdaýyny soraýar we kakasynyň ýumşuny tabşyrýar. Çopan sesini çykarman, aýdylan zatlary ýerine ýetirmäge başlaýar. Birden hem baý oglunyň çirkin sesini eşidip, ol tarapa haýdap barýar. Baryp görse, oglanyň ýüzi gorkudan ýaňa ak-tam bolupdyr.

Oýlanyp otursaň...

Ilki özüň başla Adamlar elmydama ilkinji ädimi ätmekden gorkýarlar. Sebäbi, ilkinji ädimiň nähili boljagy belli däl. Çagajyk ýöremäge başlanda ilkinji ädimi ätmekden saklanýar. Haçan-da, ýanynda özüni saklajak ejesiniň bardygyny göreninde, oňa ynanyp ilkinji ädimini ädýär.

Bilip goýan ýagşy

Synçgylawuk Synçgylawuk — bu çaga dünýä inenden beýläk garrylyk ýaşynda-da bolup bilýän dem alyş ýolundaky bir hykgyldy. Synçgylawuk kiçijik bäbeklerde has köp gabat gelýär. Bäbejikleriň synçgylawugy tutsa, ulular: “Zyýany ýok, içi giňeýändir” diýýärler. Şonda-da bäbejigiň iki gaşynyň arasyna, maňlaýjygyna gökje sapagy togalap, ölläp goýýarlar. Ynanja görä, “Şeýtsek, synçgylawugy aýrylýar” diýýärler. Ulurak çagalarda, uly adamlarda bolsa synçgylawugy gaharyny getirip ýa-da tolgundyryp, ünsüni başga zada çekip, galdyrýarlar. Oýunlyga salyp: “Ogurlyk etdiňmi?” hem diýýärler.

Beýiklige sarpa

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň netijesinde bu gün Türkmenistan Watanymyzyň, türkmen halkynyň abraý-mertebesi dünýäde has-da belende galýar.

Dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ata-babalarymyzdan miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga we ylmy taýdan öwrenmäge, dünýä ýüzüne ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine goýulýan bimöçber hormatyň nyşany boldy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr». Beýik söz ussadynyň dürdäne goşgulary dünýä akyl ýetirmegiň, durmuşda öz ornuňy tapmagyň, ile-güne, Watana wepaly perzentleri kemala getirmegiň, halallygy, ýagşy gylyk-häsiýetleri hemra edinmegiň aýdyň ýoly bolup, ýüreklerden ýüreklere uzap gelýär.

Dowamat-dowamsyň, dana Pyragy

Magtymguly Pyragy beýik akyldar hem şahyr hökmünde biziň ýüregimizde ýaşaýar. Biz onuň goşgularyny uly höwes bilen okaýarys. Haýsy bir meseläni çözmeli bolanda-da, hemişe akyldar şahyryň goşgularyndan jogap gözleýäris we tapýarys. Magtymgulynyň şygyrlaryny okanymyzda, onuň türkmen halkynyň ýürek owazyny eşiden, milleti bir saçagyň başyna jem bolmaga çagyran, dogry ýoly salgy beren beýik akyldardygyna göz ýetirýäris. Şahyryň çuňňur many-mazmunly eserleri indi üç asyra golaý wagt bäri watansöýüjilik aýdymyna, ynsanperwerlik mukamyna, agzybirlik senasyna, halallyk nagmasyna, berkararlyk owazyna öwrülip, dünýä ýüzünde giňden ýaňlanyp gelýär. Akyldaryň şygryýet dünýäsi edebiýaty söýüjileriň çeper söze teşne kalplaryny gandyrýan ruhy çeşme hasaplanýar. Bu çeşme ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, adamkärçiliginden, ahlaklylygyndan, ygrarlylygyndan, edep kadalaryndan gözbaş alýar. Dana şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, giň manyly öwüt-ündewleri ajaýyp zamanamyzda kalbymyzda ruhubelentlik, joşgun döredýär. Beýik şahyr gymmatly eserleri döredip, nusgawy edebiýatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.

Körpelere okap beriň!

Sagat Bir kiçijik,Tegelek jam.Içinde-de,Bar ençe san.

Beýik akyldaryň sarpasy

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň şygyrlary dürler hazynasydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. Ussat şahyryň çuňňur, parasatly pikirlere ýugrulan goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär, adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyrýar. Onuň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren beýik taglymatlary, manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňyna hem-de ýüregine täsir edýär». Ýaşlarda watansöýüjiligi kemala getirmekde, olara edep, asylly terbiýe bermekde akyldar şahyrymyzyň ajaýyp goşgulary bahasyz hazynadyr. Ýazylanyna üç asyra golaý wagt bolan hem bolsa, many şuglasyny gün-günden artdyrýan goşgular bu günki günde türkmeniň kalbynyň owazydyr, kämillik mekdebidir, durmuşda ýol görkezýän şamçyragdyr. Şonuň üçin hem türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýäniň alymlary ylmy esasda öwrenýärler.

Tebigy gözelligiň waspçysy

Halkymyzyň şöhratly taryhy, baý hem-de gadymy medeniýeti milli buýsanjymyzdyr. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen nusgawy edebiýatymyz hem halkymyzyň ruhy hazynasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi öwrenmek, dünýä ýaýmak hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Edebiýatda yz galdyran eserleri bilen ynsanlara ruhy güýç beren, gözelligi, söýgini, ynsanperwerligi we umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklary wasp eden şahyrlarymyzyň döredijiligine biz buýsanmaga haklydyrys. Nusgawy edebiýatymyzyň baý edebi döredijiligini miras galdyran görnükli wekilleriniň biri hem şahyr Mollanepesdir. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Magtymgulynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir. Onuň döredijiligi Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Kemine, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň şygyrlarynda öz dowamatyny tapypdyr» diýip belleýär.

Körpelere okap beriň!

Pişme Towşan, tilkidir pyşbaga,Kirpi, torsuk hem-de pişik,Bile ýaşaýar tokaýda,Öýjagaz gurnup üýtgeşik.

Ýaşlygynda kämillige ýetişen (Hekaýa)

Magtymguly ýaşlygyndan deň-duşlary bilen giň sähralara gidip, ekin ekmegi, mal bakmagy gowy görerdi. Magtymguly dostlary bilen dagyň hoştap howasyndan dem alyp otyrkalar, aňyrdan Garrymollanyň gelýänini hem duýmadylar.