Tymsallar

14 Awgust 2024
104

Ýanyňda ýaryň bolsa

Öňki asyryň 90-njy ýyllarynda ABŞ-nyň Detroýt şäherindäki elektrik kompaniýasynda hepdede 11 dollar zähmet hakyny alýan ýaş mehanik işläpdir. Ol her günde 10 sagatlap işläp, öýüne gelenden soňra hem öz saraýynda, köplenç, ýarygijä çenli zähmet çekipdir. Ol ýeňlerini çermäp işlemek bilen, ulaglaryň täze hereketlendirijisini döretmek isleýärdi. Kakasy onuň bu pişesini biderek wagtyňy ýitirmek, goňşulary bolsa aklyňdan azaşmak diýip hasaplapdyrlar. Köpler onuň bu işiniň başa barjakdygyna ynanmaýan ekeni. Ýöne oňa ýalňyz bir adam — aýaly ynanýardy we elinden gelen kömegini berýärdi. Ol gijelerine işläp duran adamsynyň ýokarsynda birnäçe sagatlap nepýagly çyrany tutup durýardy. Zenan sowukdan ýaňa elleri gögerip gitse-de, ýygy-ýygydan sowuklasa-da, bu işini bes etmeýärdi. Sebäbi ol bütin düýrmegi bilen adamsyna ynanýardy. Birnäçe ýyldan soňra günleriň birinde olaryň saraýynda üýtgeşik ses ýaňlanýar. Biraz wagtdan bolsa goňşulary şol aklyndan azaşan diýýän kişisiniň aýalyny ýanynda oturdyp, at goşulmadyk geň ulagy sürüp barýandygyny görýärler. Ol geň adam Genri Forddy.

Toplan Mähri KADYROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň hünärmeni.