Tebigy gözelligiň waspçysy

13 Awgust 2024
103

Halkymyzyň şöhratly taryhy, baý hem-de gadymy medeniýeti milli buýsanjymyzdyr. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen nusgawy edebiýatymyz hem halkymyzyň ruhy hazynasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi öwrenmek, dünýä ýaýmak hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Edebiýatda yz galdyran eserleri bilen ynsanlara ruhy güýç beren, gözelligi, söýgini, ynsanperwerligi we umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklary wasp eden şahyrlarymyzyň döredijiligine biz buýsanmaga haklydyrys. Nusgawy edebiýatymyzyň baý edebi döredijiligini miras galdyran görnükli wekilleriniň biri hem şahyr Mollanepesdir. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Magtymgulynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir. Onuň döredijiligi Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Kemine, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň şygyrlarynda öz dowamatyny tapypdyr» diýip belleýär.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.