Dowamat-dowamsyň, dana Pyragy

14 Awgust 2024
106

Magtymguly Pyragy beýik akyldar hem şahyr hökmünde biziň ýüregimizde ýaşaýar. Biz onuň goşgularyny uly höwes bilen okaýarys. Haýsy bir meseläni çözmeli bolanda-da, hemişe akyldar şahyryň goşgularyndan jogap gözleýäris we tapýarys. Magtymgulynyň şygyrlaryny okanymyzda, onuň türkmen halkynyň ýürek owazyny eşiden, milleti bir saçagyň başyna jem bolmaga çagyran, dogry ýoly salgy beren beýik akyldardygyna göz ýetirýäris.

Şahyryň çuňňur many-mazmunly eserleri indi üç asyra golaý wagt bäri watansöýüjilik aýdymyna, ynsanperwerlik mukamyna, agzybirlik senasyna, halallyk nagmasyna, berkararlyk owazyna öwrülip, dünýä ýüzünde giňden ýaňlanyp gelýär. Akyldaryň şygryýet dünýäsi edebiýaty söýüjileriň çeper söze teşne kalplaryny gandyrýan ruhy çeşme hasaplanýar. Bu çeşme ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, adamkärçiliginden, ahlaklylygyndan, ygrarlylygyndan, edep kadalaryndan gözbaş alýar. Dana şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, giň manyly öwüt-ündewleri ajaýyp zamanamyzda kalbymyzda ruhubelentlik, joşgun döredýär. Beýik şahyr gymmatly eserleri döredip, nusgawy edebiýatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.

Arslan ILÝASOW,
Magtymguly etrap maliýe we ykdysadyýet bölüminiň başlygy.