Beýik akyldaryň pähim-paýhasy

14 Awgust 2024
123

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Ol halk arasynda beýik söz ussady, parasatly akyldar, görnükli jemgyýetçilik adamy hökmünde meşhurlyk gazanypdyr. Şahyr nusgawy edebiýatyň we jemgyýetçilik aňynyň ösüşine ägirt uly goşant goşdy. Dana Pyragynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir. Ine, şu nukdaýnazardan biz hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eserinde Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň mynasyp beýany hakynda söhbet etmegi makul bildik. Çünki bu eseriň many-mazmunynda söz ussadynyň keşbi eriş-argaç bolup geçýär.

Akyldar şahyryň döredijiliginde ata-enä hormat-sarpa, perzendiň olaryň öňündäki borjy hakynda içgin aýdylýar. Çünki ata-ene mukaddes, olar Käbä hem-de Kybla deňelýär. Biziň bu pikir ýöretmelerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda şeýle şöhlelenýär: «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşyň ähli ugurlary şöhlelenýär, şahyr pikirimizdäki ähli zatlary şygra geçiripdir diýip aýdylmagy asyrlaryň dowamynda ykrar edilen hakykatdyr».

Bagtyýar ALLOWOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.