Hünär ussatlygy
Zähmete bolan söýgi adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, has köp bilmäge, bilim-başarnygyny kämilleşdirip, täze derejelere çykmaga bolan erk-islegi terbiýeleýär. Zähmete bolan söýgi adamy maksada okgunly edýär. Zähmete bolan söýgi şahsyýetde her bir işe çyny bilen ýapyşmagy öwredýär, erjellik, tutanýerlilik, çydamlylyk ýaly erk sypatlaryny terbiýeleýär. Türkmen halkynda ýaş nesle zähmetsöýer bolmagy, başlan işiňi ahyryna ýetirmän taşlamazlygy öwretmek edep ýörelgesi bolupdyr. Zähmet bilen zehiniňi kämilleşdirmek, belli bir ugurda ussat bolmak öz işiňe söýgi bilen çemeleşmekden, edýän işiňe tutuş kalbyň, ýüregiň, wyždanyň bilen jogap bermegi talap edýär. Ussadyň adynyň öz zähmetine, edýän işiniň arassa, kämil bolmagyna borçlandyrýandygyny bir pursatlygam unutmaýarlar. Bir tymsalda ussat üçin işde ownuk-uşak zatlaryň ýokdugy, her bir zada örän ünsli bolmalydygy şeýle teswirlenýär.