"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň türk­men hal­ky­na Tä­ze ýyl gut­la­gy

Eziz wa­tan­daş­lar! 2024-nji ýyl — «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ýe­ne az sa­lym­dan tä­ze — 2025-nji ýy­ly gar­şy­la­rys. 2025-nji ýyl — Gün­do­gar mü­çe­na­ma­sy bo­ýun­ça ýy­lan ýy­ly.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk­men hal­ky­na Tä­ze ýyl gut­la­gy

Eziz wa­tan­daş­lar! Ta­ry­hyň ýe­ne-de bir ýy­ly ta­mam­la­nyp bar­ýar. 2024-nji ýyl ýur­du­myz­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry­na goý­ýan uly hor­ma­tyn­dan ny­şan­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­siniň ka­rary

2025-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de öz­gert­me­le­riň we ösüş­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­me­gi, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da gi­ňelt­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Be­lent sep­git­le­re ba­dal­ga

2024-nji ýy­lyň soň­ky hep­de­si türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­riň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si bol­dy. 25-nji de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow, däp bol­şy ýa­ly, Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň res­mi däl sam­mi­ti­ne gat­naş­mak üçin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Şu ge­zek­ki sam­mit Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri­niň «Igo­ra» gyş­ky sport oýun­la­ry top­lu­my­nyň Buz­ly köş­gü­niň Olim­pi­ýa za­lyn­da ge­çi­ril­di.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýo­ly bi­len

Hal­ky­my­zyň ýag­şy ni­ýet­ler, nu­ra­na do­ga-di­leg­ler bi­len gar­şy alan tä­ze — 2025-nji ýyl öz ady bi­len ge­lip, gel­jek dö­wür­le­riň pa­ra­hat, ne­sil­le­riň aba­dan dur­mu­şy­nyň, ösüş­le­riň hem dö­re­di­ji­li­giň, hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de yna­nyş­mak gur­şa­wy­nyň hö­küm sür­me­gi­niň ha­ty­ra­sy­na tä­ze mak­sat­la­ra ba­dal­ga ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çen ýy­lyň 27-nji de­kabr­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de 2025-nji ýy­lyň şy­ga­ry «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di hem-de gel­jek ýy­lyň ny­şa­ny kes­git­le­nil­di. Döw­let­le­riň, halk­la­ryň, adam­la­ryň öza­ra yna­nyş­ma­gy hem-de şol ynam bi­len pa­ra­hat, aba­dan gel­je­gi gur­mak ug­run­da­ky bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar umu­my ösü­şiň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bo­lup dur­ýar. Üçün­ji müň­ýyl­lyk­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge go­şant goş­mak mak­sa­dy bi­len, öz saý­lap alan ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan baky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz adam­zat äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Şol baş­lan­gyç­lar giň gol­da­wa eýe bo­lup, öz oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. 2024-nji ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da «2

Hoş gel­diň, tä­ze ýyl, eziz di­ýa­ra!

Düýn ag­şa­ma­ra tä­ze — 2025-nji ýy­ly gar­şy­la­mak bo­ýun­ça we­la­ýat de­re­je­sin­dä­ki esa­sy baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Now­ruz ýaý­la­sy­nyň «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. We­la­ýa­ty­my­zyň baş baý­ram­çy­lyk ar­ça­sy ýer­le­şen bu gö­zel kün­je­ge we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy we­kil­le­ri, di­li se­na­ly ýa­şu­lu­lar, mäh­rem ene­ler, bag­ty­ýar kör­pe­ler, şeý­le-de beý­le­ki il­deş­le­ri­miz ýyg­nan­dy­lar. Ba­şy Gök di­re­ýän, älem­go­şar öwüş­gi­ni we owa­dan be­ze­gi bi­len ýü­re­gi­ňi heý­ja­na ge­tir­ýän Tä­ze ýyl ar­ça­syn­da ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik ala­ma­ty hö­küm sür­di. Da­ba­ra­nyň aja­ýyp pur­sa­tyn­da we­la­ýa­ty­my­zyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry te­le­köp­ri ar­ka­ly gö­ni ýaý­lym­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi, şeý­le-de bag­ty­ýar ulus-ili­mi­zi ýe­tip ge­len Tä­ze — 2025-nji ýyl bi­len gut­la­dy­lar. Toý-baý­ram­la­ryň ýa­ra­şy­gy bo­lan di­li se­na­ly ýa­şu­lu­lar we­la­ýa­ty­my­zyň äh­li ila­ty­nyň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aý­dyp, ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de il-gü­nü­mi­ziň has-da eş­ret­li dur­mu­şy üçin alyp bar­ýan tu

Bag­ty­ýar nes­liň şat­ly­gy

Te­jen et­rap mer­ke­zin­dä­ki «Ar­zuw ýo­ly» toý me­ka­nyn­da Tä­ze ýyl baý­ra­my­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len da­ba­ra bag­ty­ýar ça­ga­lar gat­naş­dy. «Hoş ge­lip­siň, Tä­ze ýyl, eziz Di­ýa­ra!» at­ly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­ny Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Ahal we­la­ýat bir­leş­me­si hem-de we­la­ýat Baş bi­lim mü­dir­li­gi bi­le­lik­de gu­ra­dy. We­la­ýa­ty­my­zyň ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry­ny syn­la­mak toý za­ly­na ýyg­na­nan­lar üçin diý­seň ýa­kym­ly bol­dy. Asu­da ýur­du­my­zyň gö­zel­lik­le­ri­niň, eş­ret­li dur­mu­şy­my­zyň was­py bo­lup ýaň­la­nan joş­gun­ly aý­dym­lar­dyr saz­lar, mil­li öwüş­gin­li tans­lar ça­ga­la­ra ru­hy lez­zet eçil­di. Şa­dy­ýan çy­kyş­la­ryň owa­zy­nyň be­len­de gö­te­ri­len ça­gyn­da Aýaz­ba­ba­dyr Gar­pa­my­gyň hem bu ýe­re ge­lip, ça­ga­la­ryň şat­ly­gy­ny paý­laş­ma­gy da­ba­ra baý öwüş­gin ber­di.

Ga­dam­la­ryň bat­ly bol­sun, Tä­ze ýyl!

Döw­let­li döw­ran­la­ryň, bag­ty­ýar ýyl­la­ryň ga­dy­ry baş­ga­ça. Il-gü­nüň göw­nü­ni ar­şa gö­ter­ýän, päk zäh­met ar­ka­ly yzy­gi­der­li art­ýan üs­tün­lik­le­re, şöh­rat­ly men­zil­le­riň ýa­ra­şy­gy bo­lan toý-baý­ram­la­ra baý eý­ýa­my­my­zyň ga­dyr-gym­ma­ty hem şeý­le. Gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zy ösüş­le­riň me­ka­ny­na öwür­ýän Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her ýy­ly go­ja ta­ry­hyň gat­la­ry­na şan­ly se­ne bo­lup, be­dew bat­ly ösüş­le­ri bi­len ýa­zyl­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýyly şy­ga­ryny täç edi­nen 2024-nji ýyl aý­ra­tyn orun al­dy. Bu ýyl aja­ýyp baş­lan­gyç­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­len, türk­men hal­ky­nyň be­lent ru­hu­nyň we mil­li gym­mat­lyk­la­ry­nyň, hu­su­san-da, be­ýik Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet mi­ra­sy­nyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dy­ry­lan ýy­ly bol­dy. Ol Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň we türk­men hal­ky­nyň iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we tu­tuş adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň öňün­dä­ki ab­ra­ýy­ny öň­kü­den-de beý­gel­den ýyl bol­dy. Uly üs­tün­lik­ler, şan­ly wa­ka­lar, hal­kyň ru­hy gal­ky­ny­şy hem-de mil­li je­bis­li­gi bi­len şöh­rat­la­nan 2024-nji ýyl ta­ryh sa­hy­pa­la­ry­na al­tyn sa­hap bi­len gir­di. Bu ýy­lyň her gü­ni-aýy türk­men hal­ky­nyň ar­zuw-umyt­la­ry­ny ha­syl edip, be­lent mak­sat­la­ry­ny wy­sa­la ýe­t

Täze ýyl

Baýramlaryň seresi — bagy-bossan Täze ýyl,Hoş geldiň, sapa geldiň Garaşsyz Diýaryma!Arzuw-umytdan doly — ajap dessan Täze ýyl,Hoş geldiň, sapa geldiň Garaşsyz Diýaryma! Watanymyň abraýy Arşa galýar günsaýyn,Arkadag yhlasyndan ýurt gülleýär ylaýym.Täze ýylym, şanyňa has nurlandy Diýarym,Hoş geldiň, sapa geldiň Garaşsyz Diýaryma!

Toý joş­gu­ny

Tä­ze, 2025-nji ýyl baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan toý çä­re­le­ri­niň çä­gin­de Ak bug­daý et­ra­by­nyň Now­ruz ýaý­la­sy­nyň «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da ge­çen «ma­wy yşyk» da­ba­ra­sy ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­li­ge we joş­gu­na bes­len­di. We­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, we­la­ýa­tyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çen da­ba­ra halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň zäh­met­keş­le­ri, di­li se­na­ly ýa­şu­lu­lar, kü­müş saç­ly mäh­rem ene­ler, şeý­le-de ge­çen şan­ly ýyl­da oba ho­ja­ly­gyn­da, me­de­ni­ýet­de, sport­da we beý­le­ki ul­gam­lar­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan bagt­dan paý­ly il­deş­le­ri­miz gat­naş­dy. Tä­ze ýyl baý­ra­my­na mah­sus gör­ke, älem­go­şar öwüş­gin­li dür­li yşyk­la­ra bes­le­nen owa­dan toý za­ly­ny be­zän bag­ty­ýar il­deş­le­ri­miz ge­çen, 2024-nji ýyl­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da bo­lup ge­çen ta­ry­hy wa­ka­lar, ýur­du­my­zyň dür­li ugur­la­ryn­da ga­za­ny­lan ösüş­ler­dir öz­gert­me­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler dog­ru­syn­da uly buý­sanç bi­len söh­bet aç­dy­lar. Sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň dat­ly naz-nyg­mat­la­ry, şeý­le-de mil­li ta­gam­lar bi­len be­ze­len be­re­ket­li toý sup­ra­sy­nyň da­şy­na jem bo­lan bag­ty­ýar il­deş­le­ri­miz Tä­ze — 2025-nji ýyl my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry­ny be­ýan et­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň d

Dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ar­zuw­lap

Hal­ky­myz­da ata-ba­ba­dan mi­ras ga­lan «Ýur­du­myz pa­ra­hat, ili­miz aba­dan bol­sun!» diý­len we her gün­de, her öý-ojak­da en­çe­me ge­zek gaý­ta­lan­ýan di­leg bar. Bu — ulus-iliň di­le­gi. «Kö­püň di­le­gi köl bo­lar» diý­li­şi ýa­ly, bu gün ýur­du­myz aba­dan, il-gü­nü­miz bag­ty­ýar. Giň möç­ber­li ösüş­le­re bes­len­ýän Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri ýa­şaý­şy­my­zy deň­siz-taý­syz eş­ret­ler bi­len baý­laş­dyr­ýar. Şu aja­ýyp za­ma­na­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­myz hal­kyň mil­li ru­hun­dan göz­baş al­ýan we döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy üp­jün et­mek mak­sa­dy­na gö­nük­dir­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de «2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len öňe sür­len bu Ka­rar­na­ma­nyň aw­tor­daş­la­ry bo­lup 86 döw­let çy­kyş et­di we 2025-nji ýy­l «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, ýe­tip ge­len tä­ze ýy­ly­myz adam­zat ýa­şaý­şy­nyň äh­li dö­wür­le­rin­de ar­zuw­la­nan hem-de iň äh­mi­ýet­li gym­mat­

Ýy­lyň şy­ga­ry — üs­tün­li­ge yl­ham

Gar­şy­la­nan tä­ze — 2025-nji ýyl Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­ra­ry esa­syn­da, «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Ro­waç­ly­ga bes­len­jek ýy­lyň şy­ga­ry kal­by­my­zy jo­şa ge­ti­rip, tä­ze be­lent üs­tün­lik­le­re ga­nat­lan­dyr­dy. Ýur­du­myz­da gar­şy­lan­ýan her bir ýy­lyň döw­re­bap şy­gar­lar bi­len at­lan­dy­ryl­ma­gy bag­ty­ýar­ly­gyň, döw­let­li­li­giň ny­şa­ny­dyr. Däp bol­şy ýa­ly, ga­dam ba­sy­lan Tä­ze ýy­lyň şy­ga­ryn­da hem ulus-ili­mi­ziň tek­lip­le­ri­dir ar­zuw­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 8-nji no­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de ýur­du­myz­da her ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýy­lyň şy­ga­ry­nyň yg­lan edil­ýän­di­gi­ni we ny­şa­ny­nyň ka­bul edil­ýän­di­gi­ni bel­läp, de­pu­tat­la­ryň bag­ty­ýar hal­ky­myz bi­len mas­la­hat­la­şyp, tä­ze — 2025-nji ýy­la at ber­mek hem-de ny­şa­ny­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça de­giş­li tek­lip­le­riň taý­ýar­lan­ma­ly­dy­gy ba­ra­da aýt­dy. Il­deş­le­ri­mi­ziň tek­lip­le­ri­niň göz öňü­ne tu­tu­lyp, Tä­ze ýy­ly­my­zyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy şat­ly­gy­my­za şat­lyk goş­dy.

Buý­san­jy­myz çäk­siz­dir

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka­la­ra baý ýyl­la­ryň bi­ri bo­lup, ta­ry­hyň gat­la­ry­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Ta­mam­la­nan ýyl me­niň üçin hem ýat­dan çyk­ma­jak, ýaş­lyk kal­bym­da orun al­jak şat­lyk­ly pur­sat­la­ryň bo­lan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len aý­da­sym gel­ýär. Şan­ly ýyl­da ma­ňa S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by bol­mak bag­ty mi­ýes­ser et­di. Ça­ga­lyk ar­zu­wym ha­syl bol­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ­Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly ­Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ra uly ynam bil­dir­me­gi bi­zi çäk­siz be­gen­dir­ýär we buý­san­dyr­ýar. Bu gün ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi, dö­ret­me­gi ug­run­da aja­ýyp şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­ler bar. Şol müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Gel­jek­de ök­de hü­när­men­ler bo­lup, Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şan­dy­my­zy go­şa­rys.

Şan­ly ýy­lyň şöh­rat­ly men­zil­le­ri

Ta­mam­la­nan 2024-nji ýyl Ahal we­la­ýa­ty­nyň dur­mu­şyn­da şat­lyk­ly wa­ka­la­ra, gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­re baý bol­dy. Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edi­len 2024-nji ýyl­da we­la­ýa­ty­my­zyň ila­ty tä­ze des­ga­lar­dyr bi­na­la­ryň bir­nä­çe­si­niň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­na şa­ýat bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Bä­her­den se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň hem-de Ýaş­lyk suw aras­sa­laý­jy des­ga­sy­nyň toý ru­hun­da açy­lyp işe gi­ri­zil­me­gi şan­ly ýy­la şan go­şan buý­sanç­ly wa­ka­lar hök­mün­de ta­ryh sa­hy­pa­la­ryn­da aý­ra­tyn orun alar. Şol iri des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­nyň çä­gin­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň we­la­ýa­ty­my­zyň ila­ty­na döw­re­bap ýo­lag­çy aw­to­bus­la­ry­nyň 200-e go­la­ýy­ny sow­gat et­me­gi adam hak­da­ky ala­da­nyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny da­ba­ra­lan­dy­ran wa­ka­lar hök­mün­de ýat­da gal­dy.

Bi­lim — ösüş­le­re bin­ýat

Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my bar­ha kä­mil­le­şip, ýaş nes­le be­ril­ýän bi­lim-ter­bi­ýä­niň de­re­je­si saz­la­şyk­ly ýo­kar­lan­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen şan­ly ýyl­da bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ry­lan ro­waç­ly iş­ler uly buý­sanç bi­len bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len «Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­syk­lan­ma­gy bi­lim iş­gär­le­ri­niň dur­mu­şyn­da şat­lyk­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da we or­ta mek­dep­ler­de be­ril­ýän bi­li­miň üz­nük­siz­li­gi­ni hem-de ara­bag­la­ny­şy­gy­ny üp­jün et­mek­de, bi­lim­li, aň taý­dan ösen, wa­tan­sö­ýü­ji şah­sy­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek­de, mu­gal­lym­la­ryň hü­när bi­lim­le­ri­ni çuň­laş­dyr­mak­da, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da oku­wyň maz­mu­ny­ny, gör­nü­şi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, bi­li­miň hi­li­ni ba­ha­lan­dyr­ýan hal­ka­ra mak­sat­na­ma­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri­ni mil­li bi­lim ul­ga­my­na or­naş­dyr­mak­da ýo­kar­da ag­za­lan Kon­sep­si­ýa­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Bu gün Kon­sep­si­ýa üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, on­da göz öňü­ne tu­tu­lan we

Ta­ry­hyň al­tyn sa­hy­pa­la­ry

Ösüş­le­re bes­le­nen ge­çen şan­ly ýyl aja­ýyp wa­ka­la­ra baý bol­dy. Be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň giň­den da­ba­ra­lan­dy­ry­lan ýy­lyn­da Kö­pet­da­gyň ete­gin­de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň we söz us­sa­dy­nyň be­lent baş­ly ýa­dy­gär­li­gi­niň da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­ma­gy ta­ry­ha şöh­rat­ly sa­hy­pa­lar bo­lup ýa­zyl­jak wa­ka­la­ryň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu gö­zel kün­jek­de dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gör­nük­li we­kil­le­ri­niň heý­kel­le­ri­niň otur­dyl­ma­gy bol­sa ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň — ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň dost-do­gan­ly­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň mer­ke­zi hök­mün­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni has-da äş­gär et­di. Şi­rin dil­li söz us­sa­dy­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň saý­la­nan eser­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň ne­şir edil­me­gi «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­na şan go­şan wa­ka­la­ryň bi­ri hök­mün­de ýat­da gal­dy. Bu ki­ta­byň ne­şir edil­me­gi Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi­ne we giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne ber­ýän ün­sü­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

Tä­ze ýyl ar­ça­sy

(Dur­muş pur­sa­ty) Iki elim hem tor­ba­ly dür­li-dü­men süý­jü­lik­dir mi­we­ler­den ýük­le­nip gel­ýän­di­gi­me ga­ra­maz­dan, ga­ba­dym­da lo­wur­dap du­ran Tä­ze ýyl ar­ça­sy­ny sa­tyn al­man bil­me­dim. Onuň owa­dan keş­bi, şa­ha­la­ryn­da­ky gar toz­ga­jyk­la­ry me­ni erk­siz bag­la­dy-da go­ýaý­dy. Be­ze­len ar­ça­la­ra bo­lan söý­gi men­de ça­ga­lyk­dan bä­ri bar­dy. How­ly­myz­da eki­len bag­la­ryň ara­syn­da-da bir­nä­çe ar­ça­nyň bar­dy­gy hut şo­nuň üçin­di. Şol ar­ça­la­ry ka­kam ja­na men ek­di­rip­dim. Ine, bu gün bol­sa şun­ça ýü­küm bi­len ýe­ne-de ar­ça ala­ny­my gör­se­ler, öý­dä­ki­ler ma­ňa gül­se­ler ge­rek. Şeý­le-de bol­sa men esa­sy mak­sa­dy­ma ýet­dim, bir-ä owa­dan­ja ar­ça al­dym, bi­rem ji­gi­le­ri­mi be­gen­dir­mä­ge äh­li zat­la­rym taý­ýar.

Ze­nan — Ze­mi­niň zy­na­ty

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­ny hem-de Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­ni has-da da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Ahal we­la­ýat bir­leş­me­si hem-de «Ahal dur­mu­şy» we­la­ýat ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy «Ze­nan — Ze­mi­niň zy­na­ty» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ni yg­lan ed­ýär. Bäs­le­şi­giň mak­sa­dy

Ösüş­le­riň gör­ke­zi­ji­si

Eziz Wa­ta­ny­myz­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, adam­la­ryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ug­run­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry­ny gur­şap al­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy­ny baş baý­ly­ga öw­rüp, her bir yn­sa­nyň sag­dyn, ru­hu­be­lent, berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­megi üçin ed­ýän yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da be­lent sep­git­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­ler mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da ama­la aşy­ryl­ýar. Bu mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­ri ama­la aşyr­mak­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da dür­li sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň — döw­re­bap luk­man­çy­lyk yl­my-kli­ni­ki eda­ra­la­ry­nyň, sag­lyk mer­kez­le­ri­niň, şy­pa­ha­na­la­ryň, dynç alyş öý­le­ri­niň gur­lu­şy­gy­na hem-de dur­ku­nyň tä­ze­le­nil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär, bu­lar üp­jün edi­li­şi we hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Sag­lygy goraýyş ul­ga­my­na de­giş­li gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­la­ryň bi­ri-de Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­dir. Ne­sip bol­sa, ýa­kyn dö­wür­de paý­tag­ty­my­zyň «Ço­gan­ly» ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň çä­gin­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş u

Hü­när us­sat­ly­gy

Zähmete bolan söýgi adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, has köp bilmäge, bilim-başarnygyny kämilleşdirip, täze derejelere çykmaga bolan erk-islegi terbiýeleýär. Zähmete bolan söýgi adamy maksada okgunly edýär. Zähmete bolan söýgi şahsyýetde her bir işe çyny bilen ýapyşmagy öwredýär, erjellik, tutanýerlilik, çydamlylyk ýaly erk sypatlaryny terbiýeleýär. Türkmen halkynda ýaş nesle zähmetsöýer bolmagy, başlan işiňi ahyryna ýetirmän taşlamazlygy öwretmek edep ýörelgesi bolupdyr. Zähmet bilen zehiniňi kämilleşdirmek, belli bir ugurda ussat bolmak öz işiňe söýgi bilen çemeleşmekden, edýän işiňe tutuş kalbyň, ýüregiň, wyždanyň bilen jogap bermegi talap edýär. Ussadyň adynyň öz zähmetine, edýän işiniň arassa, kämil bolmagyna borçlandyrýandygyny bir pursatlygam unutmaýarlar. Bir tymsalda ussat üçin işde ownuk-uşak zatlaryň ýokdugy, her bir zada örän ünsli bolmalydygy şeýle teswirlenýär.