Oba hojalygy: ýaz aladalary

28 Aprel 2021
1071

ÝAŞ GURÇUKLAR PAÝLANYLÝAR
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ýüpekçiligi ösdürmek, pile öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinýän welaýatymyzyň ýüpekçi kärendeçileri, olara degişli goldaw-kömekleri bermek boýunça derwaýys çäreleri amala aşyrýan kärhanalaryň işgärleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň pile öndürmek möwsümine taýýarlykly geldiler. Şeýlelikde, düýn etraplaryň daýhan birleşiklerinde şu möwsümde pile hasylyny kemala getirmek barada şertnama baglaşan ýüpekçi kärendeçilere tohum örüziş merkezlerinde tohumdan çykarylan ýaş ýüpek gurçuklaryny paýlamaga girişildi. Meýilnama boýunça häzirki wagtda tejribeli ýüpekçi kärendeçileriň jemi 12 müňden gowragyna 12711 guty ýaş gurçuklary idetmäge bermek göz öňünde tutulýar. Munuň özi welaýatymyz boýunça şu ýyl Watan harmanyna 500 tonna ýokary hilli pile tabşyrmak baradaky meýilnamanyň doly ýerine ýetirilmeginde esasy aladalaryň biri bolup durýar.
Ýörite habarçymyz.

* * *