Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar

23 Aprel 2021
1130

Ekerançylygyň asyl mekany bolan gadymy Ahal ýaýlasynyň daýhanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek ýylyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Bu belent maksat ýer eýelerine häzirki jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişini depginli alyp barmaga we irki möhletde tamamlamaga ruhubelentlik berýär.

Şanly ýylda 145 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 280 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýän welaýatyň pagtaçy kärendeçileri ekişi guramaçylykly dowam edýärler. Topraga taşlanýan her bir tohumyň hili we arassalygy, ekişiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilişi degişli hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar. Tehnikalara hyzmat ediş toparlarynyň işiniň dogry ýola goýulmagy ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döredýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň ekiji tehnikalara erk edýän mehanizatorlary özlerine ynanylan kuwwatly «polat atlary» saz işletmekde we wagtyň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanmakda tutanýerlilik görkezýärler. Bilelikdäki tagallalar ekiş geçirilen meýdanlaryň sagatsaýyn artmagyna getirýär.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).