"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaş türgenleriň ussatlygy

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde Täze ýyl baýramy mynasybetli sportuň boks, grek-rim göreşi, stol üstündäki tennis, küşt, woleýbol görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän işlerden ruhlanyp geçirilen ýaryşa sport mekdebiniň ýaşajyk türgenleri işjeň gatnaşdy. Etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de etrabyň jemgiýetçilik guramalary tarapyndan geçirilen ýaryşlar ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlar bolsa bu çärä baý öwüşgin berdi.

Täze ýyl arçasyndaky dabara

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde ýerleşýän welaýatymyzyň baş arçasynda “Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ýyl arçasyndaky dabarany welaýat häkimligi, welaýat Baş bilim we Medeniýet müdirlikleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Toý meýdançasynda hoş owazly, şirin mukamly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Tans-halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary joşgunly aýdym-sazlar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi hem-de dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Bu ýerdäki çykyşlarda Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, ösüşdir özgertmeleri, döwrümiziň eşretleri, asuda asmanymyz, halkymyzyň bagtyýarlygy öz waspyny tapdy.

Sungat mekdebindäki baýramçylyk konserti

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilen konsert Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralaryň üstüni ýetirdi. Konsertiň başynda çykyş eden halypalar zala ýygnanan talyplary we mugallymlary ýetip gelýän Täze — 2025-njy ýyl mynasybetli gutlap, iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Owadan sahnany sungat mekdebiniň talyplarynyň çykyşlary bezedi. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary türkmen sungatyny geljekde has-da ösdürjek hünärmenleriň kemala gelýändigini dabaralandyrdy. Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň, Rejep Rejebowyň, Aşyr Kulyýewiň döreden sazlarynyň talyp ýaşlar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi baýramçylyk konsertiniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bu konsert ýakymly duýgulary döretdi.

Täze ýyl şüweleňi

Sarahs etrap bilim bölüminiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda etrabyň 4-nji çagalar bakja-bagynda “Iň gyzykly Täze ýyl şüweleňi” ady bilen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp bäsleşik geçirildi. Täze ýyl baýramçylygyny şatlykly geçirmek, şeýle-de körpeleriň türkmen milli sungatyna, halk döredijiligine bolan söýgüsini ösdürmek we kämilleşdirmek, şeýle hem olarda döredijilige söýgi döretmek, ukyply we zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik diýseň uly täsirleri döretdi. Körpeler öz çykyşlarynda ata Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek babatdaky özgertmelerini çaga kalbyndan beýan etdiler. Körpeleriň çaga kalbynyň täsin döredijiligi we ýurdumyzy wasp edýän aýdymlary aýtmak, surat çekmek, ýelimlemek, şekil ýasamak ukyplaryna hem baha berildi.

Sagdyn ruhly nesiller

Welaýatymyzyň etraplarynda okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän mekdep sport festiwaly ruhubelentlige beslenýär. Bu hakykata Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde geçirilen mekdep sport festiwaly hem subut etdi. Etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen bu çäre ýaş nesil üçin sport baýramçylygyna öwrüldi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleri tarapyndan guralan mekdep sport festiwalynda okuwçy ýaşlar woleýbolda, tanap çekmekde, şeýle-de keçe-keçe oýny boýunça ussatlygyny görkezdiler.

Täze ýyl arçasyndaky şatlyk

Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgüniň öňündäki Täze ýyl arçasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan dabara bagtyýar çagalar gatnaşdy. Bezemen arçanyň töweregini şatlyk-şowhun gurşap aldy. Çagalar el tutuşyp aýdym aýtdylar, labyzly goşgy okadylar, şatlandylar. Ýaş nesliň kalbynyň joşgunynyň beýany bolup dabaralanan çykyşlar giň toý meýdançasyndaky ruhubelentligi belende göterdi. Şeýle şatlykly pursatlar eziz Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygy bilen bagly hakykata göz ýetirmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Täze ýyl arçasyndaky dabara hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Geljek ýylyň bol hasylynyň aladasy

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri şu günler möwsümleýin oba hojalyk işlerine uly ähmiýet berýärler. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini alyp barmakda daýhan birleşikleriniň hem-de daýhan hojalyklarynyň her birinde işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna jogapkärli çemeleşilýär. Bu işlerde agrotehnikanyň talaplaryna berk eýerilýär. Etrabyň “ak altyn” ussatlary hem geljek hasylyň aladasy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ýerleri ýaz ekişine taýýarlamagyň çäginde topragy fosfor döküni bilen gurplandyrýarlar, sürüm, tekizleýiş işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu zatlar etrabymyzyň oba zähmetkeşleriniň geljek, 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrundaky tutanýerli işleýändigini görkezýär.

Şowhunly baýrama bagyşlandy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guralan söhbetdeşlige Agrar partiýasynyň işjeň agzalary we kitaphananyň okyjylary gatnaşdy. Söhbetdeşlikde ýetip gelýän Täze—2025-nji ýyl mynasybetli baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, ýagşydan ýagşy arzuwlar beýan edildi. Tamamlanyp barýan ýylda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden gymmatly kitaplary bilen bagly gürrüň söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

Şatlygymyz goşalandy

Täze ýylyň bosagasynda Ak bugdaý etrabynda lagym suwuny arassalaýjy desganyň gurlup ulanylmaga berilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Häzirki zaman desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak biz — ýaşlar üçin has-da ýakymly boldy. Täze desga aýlanyp gördük, onuň çägindäki binalarda ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlygy bilen tanyşdyk. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň soňky tehnologiýalaryny, kämil enjamlaryny görüp diýseň begendik. Telekeçilerimiziň şeýle desgalary ýokary talaplara laýyklykda gurýandygyna guwanjymyz artýar.

Ýakymly täsirleri döretdi

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginde dabaraly duşuşyk geçirildi. Agzalan müdirligiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda bolan duşuşyga ýaş işçi-hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda eziz Diýarymyzda ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada söz açylyp, ýaşlar syýasatynyň rowaçlyga beslenilişi bilen bagly gürrüňe üns çekildi. “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan zähmetkeşler bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklaryň, maslahatlaryň, sport we dabaraly çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy aýratyn bellenip geçildi.

Bagtyýarlygyň goýnunda

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şatlykly wakalara baýdygy bilen ýadymyzda galar. Çünki tamamlanyp barýan şanly ýyl bize tolgundyryjy pursatlaryň ençemesini peşgeş berdi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäreleriniň çäginde guralan aýdym-sazly dabaralara, täsirli maslahatlardyr sergilere, taryhy künjeklere syýahatlara etrabymyzyň ýaşlary egsilmez ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Etrabymyzyň çäginde açylyp ulanylmaga berlen desgadyr binalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna şaýat bolduk. Iň begendiriji zatlaryň hatarynda ulanylmaga berlen täze, döwrebap önümçilik maksatly desgalarda ýaşlaryň ýüzlerçesine täze iş orunlaryň açylmagy boldy. Bu gün bagtyýar ýaşlar täze iş orunlarynda gujurly we yhlasly zähmet çekýärler, ýurdumyzda giňden bellenýän şanly seneler mynasybetli çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs, Tejen etrap birleşmeleriniň hem-de medeniýet bölümleriniň bilelikde guramagynda Tejen etrap merkezindäki «Bagt ýoly» toý mekanynda «Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Agzalan jemgyýetçilik guramasynyň işgärleridir işjeň agzalarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda bolan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk dabarasynda Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli gutlaglar we ýagşydan ýagşy arzuwlar aýdyldy, aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Sarahs we Tejen etraplarynyň artistleriniň ýerine ýetiren degişme sahnalary, halkyň söýgüsini gazanan bagşy-sazandalaryň mahmal owazly, şirin mukamly aýdym-sazlary gyzgyn garşylandy. Joşgunly aýdym-sazlar bilen sazlaşan milli öwüşginli tans we halk döredijilik çykyşlary ýakymly duýgulary döretdi. Dabaranyň dowamynda öňdebaryjy zähmetkeşlere baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Şanly ýyla bagyşlandy

Ýakynda Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrabyň dürli ýerlerinden gelen bagtyýar ýaşlaryň ruhubelentlikde gatnaşmagynda geçen dabarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda eziz Diýarymyzda bolup geçen taryhy wakalar, beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyna bagyşlanan giň göwrümli çäreler hakda täsirli gürrüň edildi.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde geçen mekdep sport festiwalynyň çäginde sportuň woleýbol görnüşi, şeýle-de tanap çekmek boýunça ýaryşlar guraldy. Bu ýaryşlar mekdeplerden gelen toparlaryň arasyndan güýçlüleri öňe saýlady. Okuwçy ýaşlar keçe-keçe oýny boýunça hem başarjaňlygyny aýan etdiler. Mekdep sport festiwalynyň ýapylyş dabarasynda oňa has işjeň gatnaşan ruhubelent çagalara «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.

Çekeleşikli geçen ýaryş

Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Küşt boýunça ökde okuwçy oglan-gyzlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Okuwçy ýaşlara akyl-paýhas oýny boýunça başarnygyny görkezmek üçin sport mekdebinde ähli şertlerdir mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa ýaryşyň guramaçylykly geçmegine oňyn täsirini ýetirdi. Ýaryşyň netijesinde etrapdaky 19-njy orta mekdebiň okuwçylary toparlaýyn birinji, 7-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 42-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orny eýelediler. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Sport birinjiligi geçirildi

Bäherden etrabynyň 350 orunlyk sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Gel, Täze ýyl, şatlyk paýlap ýaşlara!» ady bilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Etrapdaky orta mekdepleriň we sport mekdebiň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda geçen ýaryş çekeleşikli we gyzykly duşuşyklara diýseň baý boldy. Täze ýyl baýramçylygyny dabaralandyrmak, ýaşlary köpçülikleýin sporta giňden çekmek maksady bilen guralan ýaryşda etrabyň sport mekdebiniň topary birinji orny, 27-nji orta mekdebiniň okuwçylary ikinji orny, 28-nji orta mekdebiniň topary üçünji orny eýelediler. Ýeňijilere hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Täsir galdyran syýahat

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň işgärleridir işjeň agzalar gatnaşdy. Änew şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy gadymy türkmen topragynyň şan-şöhrata beslenen taryhynyň beýanydyr. XV asyrda bina edilen bu ýadygärlikler toplumy binagärlik sungatynyň gaýtalanmajak keşbini özünde jemleýär. Oňa gyzyklanmanyň ýokary bolmagy hem ýönelige däl.

Mekdep sport festiwaly

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň ýyllyk iş meýilnamasynyň çäginde Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda mekdep sport festiwaly geçirildi. Etrap bilim bölümi bilen bilelikde guralan mekdep sport festiwaly diýseň täsirli geçdi. Okuwçy ýaşlar tanap çekmek, keçe-keçe oýunlary, woleýbol boýunça bäsleşdiler. Turuwbaşdan ruhubelentlik ýagdaýynda geçen ýaryşlar ýaşlaryň ukyp-ussatlyklaryny äşgär etdi. Onda mekdeplerden gelen toparlaryň arasynda ökdeler öňe saýlady. Mekdep sport festiwalynda has şowly çykyş eden toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.

Hoş geldiň, Täze ýyl, salam Täze ýyl!

Babadaýhan etrabynyň Toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, salam Täze ýyl!» ady bilen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyl toý saçagynyň giňden ýazylmagynda geçen dabara edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, bagtyýar ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşyp, baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler, Täze — 2025-nji ýylyň her bir öýe rysgal-bereket, nur eçilmegini arzuwladylar, ýurdumyzyň ösüşleri hakda gürrüň etdiler.

Parahatçylygyň we abadançylygyň ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. 18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýada resmi saparda boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu saparyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.