Söz manysy

14 Awgust 2024
134

Bakyrgan

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Bakyrganda bakyr bar, baryp görseň, takyr bar» diýen atalar sözi getirilýär. «Bakyrgan — şäher ady, bakyr-1) mis, 2) kiçijik köl» diýlip çykgytda berilýär. Mundan «Bakyrganda köl bar, baryp görseň, çöl bar» diýen ýaly many gelip çykýar. Bu bolsa şol wagtky Bakyrganyň geografik ýerleşişi barada maglumat berýär. Ýagny Bakyrganda köl bar, ýöne suw ýok. Bakyrgan sözüniň «bagyran, gygyran» ýaly many berýändigini aňlamak bolýar.

Döwletmyrat SADYKOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.