Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» kitabyndan

14 Awgust 2024
105

...Kakam manyly ömür sürdi. Halky, mähriban topragy üçin ýaşady. Diňe bir öz maşgalasyndaky adamlara däl, tutuş il-ulsumyza watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň belent nusgasyny görkezdi. Kakam ikimiziň hünär babatda saýlan ugrumyz başga bolsa-da, adamlara gatnaşygymyzda, köplenç, pikirimiziň deň gelendigine begenýärin. Kakam her bir adamyň baş wezipesiniň, ömrüniň manysynyň adamlar üçin haýyr işleri etmekdedigi barada aýdardy. Maşgalamyzda özara pikir alşanymyzda, adamyň tebigy taýdan kadaly kemala gelen ukybynyň haýyr işleri etmekde ýüze çykýandygyny kakam mysallar getirip düşündirerdi. Bular ýaly söhbetler adamyň ýaşyny saýlamaýar, näçe ýaşyňda hem bolsaň, ýürekden maslahat berýän, bärden gaýdýan ýeriňi düzedip, ýardam edip bilýän, seniň bilen mydama gowy söhbetdeş bolup bilýän adam gerek. Kakalar hem öz ogullary üçin şeýle adamlardyr. Ogullara hemişe mert bolmak, durmuşda başyňy çaramak, çylşyrymly ýagdaýlardan tiz netije çykaryp bilmek öwredilýär. Kaka mähri perzentleriniň hemmesine-de gerekdir, ýöne ol ogullar üçin has gerek. Kakasynyň geplemän arkasyna kakmagy ýa-da aýlawly gep urup, henek etmegi ogluň göwnüni göterýär, onda ýaşaýşa mizemez ynam döredýär. Kaka ogul üçin durmuşa, dünýä akyl ýetirmegiň mekdebidir. Perzendiniň özbaşdaklygynyň kemala gelmeginde kakanyň ornuny hiç bir zat bilen çalşyp bolmaz. Kakamda adamlary özüne çekip bilmek ukyby bardy, ol gürrüň berende, hezil edip diňläp bolýan, maslahat berende, aýdan zady ýüregiňe jüňk bolýan paýhasly adamdy. Şonuň üçinem onuň durmuş ýoly tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlarymyz üçin görelde mekdebine öwrüldi. Kakam hakyndaky ýatlamalar mende örän kän, muňa guwanýaryn. Biz biri-birimize juda ýakyn adamlardyk.