Mozaika (Oýlanma)

8 Awgust 2024
154

Belent jaýyň diwaryny bezäp duran mozaika eserinden ünsümi sowubilmän kän durupdyryn. Bir-birine meňzemeýän ululykdaky, dürli reňkdäki müňlerçe daşdan döredilen gözelligi näme bilen deňejegimi bilmedim. Olaryň her biri aýratyn bir sungat. Her bir daş, her bir reňk öwrümi edil ynsan ykballary ýaly, bir-birinden tapawutlanýan-da bolsa, olar umumy bir göwräni — eseri emele getirýär. Biziň her birimiziň durmuşymyzam bir-birimiziňkä meňzemeýän «daşlardan», «reňklerden»... ybarat bolsa-da, edil mozaika eserleri ýaly, halk diýen bir umumylygy emele getirýäris.

Müňýyllyklaryň dowamynda döredilen eserlerde ynsan durmuşy bilen baglanyşykly telim dürli pelsepeler otaryldy. Alymlar, şahyrlar, akyldarlar durmuşyň syrlarynyň, iň bolmanda bir yşyny adamzada açyp görkezmek maksady bilen, onuň syrlarynyň gözlegine uly-uly ylmy işleridir eserleri bilen birlikde tutuş ömürlerini bagyş etdiler. Olaryň biri durmuşy soňsuz mümkinçiliklerden doly peşgeş hökmünde suratlandyrsa, ikinji biri ony başdan-aýak synag bolan kötel ýola deňedi. Üçünji birleri bolsa bu barlygy tutuşlygyna söýgi atly owadan eseriň içine sygdyrdy-da, oňa kalp gözleri bilen bakmagyň ýollaryny salgy berdi. Şeýdip asyrlar aýlandy, ýyllar dolandy, Zeminiň üstünde mekan tutan ýurtlarda, halklarda üýtgeşiklikler bolup geçse-de, adamzat durmuş, söýgi, ýaşaýyş, ykbal, täleý... barada pelsepe öwürmesini henizem dowam etdirip gidip otyr. Şol gözlegler bolsa ajaýyp eserler, ajaýyp durmuş... ýaly miwelerini berip gidip otyr.

Ýazmyrat ATDAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.