Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut...

7 Awgust 2024
121

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde umumadamzada mahsus ynsanperwerlik meselesi uly orny eýelemek bilen, ol tutuşlygyna edep-terbiýe mekdebine ýugrulandyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda «Magtymguly öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeçilik ähmiýete eýedir» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy öz okyjysyny ahlak tarapdan edepli sypatlar bilen bezemäge çalyşýar. Onuň döredijiligi beýleki şahyrlaryň döredijiligine seredeniňde, iňňän köptaraplylygy, durmuşyň köp meselelerine içgin ýüzlenenligi bilen tapawutlanýar. Şahyryň her bir sözünde, setirinde, bendinde giň dünýä açylyp görkezilýär.

Nargül ATAŞOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.