Ähli göwünleriň şahyry

7 Awgust 2024
161

Elime kagyzdyr galam alyp, Magtymguly Pyragy, onuň poeziýasy hakynda bir zatlar ýazmakdan ötri, biraz ýaýdandym. Çünki beýikler hakynda ýazmak üçin hem köp zatlary bilmeli. Bu babatda akyldaryň ýazmak hakyndaky setirleri biziň ählimize kämil we iň beýik nesihat bolup durýar: «...Magtymguly, sözle her ne bileniň, // Özüňe kemlik bil, aýtman öleniň...»

Dogry, poeziýa, onuň wezipesi, ýerine ýetirýän işleri hakynda köp zatlar aýdyldam, ýazyldam. Her näme-de bolsa, poeziýa–— terbiýeleýji bolup, ol halkyň ruhuna özüniň oňyn täsirini ýetirmeli. Şol bir sanda, poeziýa tutuş adamzada hyzmat etmegi başarmaly.

Nurýagdy SEÝIDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.