Sözüň güýji seriňi eýelände

7 Awgust 2024
143

Ýazyjy-şahyrlar döwrüň gözi, milletiň ruhy iýmitini döredijiler hasaplanylýarlar. Şeýle bolansoň olar elmydama we ähli ýerde hormatly myhmanlar hökmünde garşylanylypdyr. Milletimize mahsus bolan bu aýratynlyk öňem şeýle bolupdyr, häzirem şeýle. Türkmen diliniň söz baýlygyna, ony ýerlikli ulanyp, netijeli peýdalanyp bilýän söz ussatlaryna sarpa goýýan halkymyzyň bu däbi häzirki günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär.

Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrynda bolsa gerek. Ýaz aýlarydy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler zaly özümiz ýaly talyplardan ýaňa hyryn-dykyndy. Bu ýerde paýtagtdan gelen meşhur ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyk bolmalydy. Biz duşuşyga bir hepdeden bäri sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýördük. Ine, şol garaşylýan pursat ýetip geldi. Mejlisler zalynyň sahnasynda Türkmenistanyň halk ýazyjylary Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Kaýum Taňrygulyýew hem-de Sapar Öräýew dagy peýda bolanda, güwwüldi al-asmana göterildi.

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.