Rubagylar

7 Awgust 2024
140

Ata-baba kesbin ýöretmek gerek,
Hyjuw, gaýrat bilen döretmek gerek.
Arzuw guşun pelpelledip asmanda,
Arzyly menzillere ýetmek gerek.
*  *  *
Ejize rehim et, üstünden gülme,
Namartlaň öňünde başyňy egme.
Uýýany hakykat, alýany alkyş,
Merde ýüz tutmagy kiçilik bilme.
*  *  *
Zähmetde bişişmek, taplanmak gerek.
Garasöýmezlikden saplanmak gerek.
Ýan berer sähelçe agram düşende,
Göterjek «diwara» ýaplanmak gerek.
*  *  *
Saralyp-solar ýör gaýgy-ünjüden,
Azar görer ýürekdäki sanjydan.
Ökünçde, ahmyrda geçer günleri,
Ýaşlygynda ata-enäni ynjydan.
*  *  *
Kişiň agyrsyny özüňde duýgul,
Göwnüni götergil, ýagşyňy ýaýgyl.
Bu durmuşdyr, şeýle ýagdaýa düşseň,
Öz eden işiňe bolarsyň kaýyl.
*  *  *
Jinnek dek agram ýok ýaşryk-ýalanda,
Kyn bor bilnip güler ýüzler solanda.
Abraýy artar dogry sözliniň,
Ýuwaş-ýuwaş galyberer belende.
*  *  *
Ýagşydan öwrenseň ýagşy bolarsyň,
Tylla Aýyň parlap dogşy bolarsyň,
Söýgini harlaman ýaşasaň, dostum,
Ýar kalbynyň ajap nagşy bolarsyň.
*  *  *
Her adamyň bu durmuşda ýüki bar,
Ýollarynyň pesi-de bar, beki bar.
Ýüki ýeňledip bor, ýoly gysgaldyp,
Her bir zadyň öz ýerinde çaky bar.
*  *  *
Niýetiň päk bolsa, ýoluň ak bolar,
Ýaman söz kalbyňa giren ok bolar.
Azapsyz menzile ýetmek isleseň,
Baran ýeriň kötel bolar, bek bolar.
*  *  *
Ýagşa ten ber, ýamanlygy ýaşyr sen,
Jaý ýerinde gürlemäni başar sen.
Mizan terezidir öz iliň-günüň,
Ýüz görmäni aýdar sähel gyşarsaň.
*  *  *
Mynasyp bol nandyr iýen duzuňa,
Işle, agram sal-da bildir dyzyňa.
Belende çyksaň-da at-abraý bilen,
Elmydama garap gezgil yzyňa.
*  *  *
Sazandalar çalyşyndan bellidir,
Şirin owaz alyşyndan bellidir.
Çyn bagşylar ýokary çeküwlere,
Dura-bara galyşyndan bellidir.
*  *  *
Dostuň kemini aýt, goý, kine etsin,
Öýke-kine bilen ýanyňdan gitsin.
Bir gün dolanar-da, sagbolsun aýdar,
Şeýdip, ýüz görmeklik aradan gitsin.
*  *  *
Çöken göwünleri galdyrmak gerek,
Degişmeler aýdyp, güldürmek gerek.
Kyn günüňde hemaýatyn ýetirýän,
Il-günüň bardygyn bildirmek gerek.
*  *  *
Gözüm gidýär dagyň beýikligine,
Synan göwünlere seýikligine.
Mäkäm uran köklerine olaryň,
Ene ýer güýç berýär berkligine.
*  *  *
Öwünmek däl, ýokdur durmuşdan müýnüm,
Ruhum belentdir, açykdyr göwnüm.
Şükür, armanym ýok, goja ýaşda-da,
Aýdym-saz, goşguda geçýär her günüm.
*  *  *
«Salawmaleýkimden» süýji söz bolmaz,
Gyşy gyş bolmasa, ýazy ýaz bolmaz.
Ozalda-ahyrda türkmen aslynda,
Dutaryň sazyndan şirin saz bolmaz.
*  *  *
Toýdur baýramlarmyz toýlanyp dursa,
Gelin-gyz, ýigitler şaýlanyp dursa,
Armanymyz ýokdur, eziz adamlar,
Pasyllar parahat aýlanyp dursa.

Amanmyrat MAÝEW.