Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bagyşlaýaryn

6 Awgust 2024
142

11-nji awgust — Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, şahyr Gözel Şagulyýewanyň doglan güni. Guýmagursak zehinli zenan Garaşsyz Diýarymyzdaky özgertmeleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, berkarar ata Watanymyzy ösdürmeklige gönükdirilen döwlet syýasatyna özüniň ýiti, akgynly, baý many-mazmunly, çeper şahyrana sözleri bilen habar beriş serişdelerinde dessin çykyş edýär. Halypa zenanyň her bir şygryny halkymyz uly söýgi we gyzyklanma bilen garşylaýar. Şahyryň goşgulary Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda hem meşhurlykdan peýdalanýar. Nebitgaz toplumynyň döredijilik işgärleriniň arasynda ussat şahyr zenana hormat goýup, ony halypa tutunýanlary az däl. Olar Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bagyşlap şahyrana setirleri döredýärler we redaksiýamyza ýüz tutýarlar. Biz gazetimiziň şu sanynda guýmagursak zenana bagyşlanyp döredilen şygyrlaryň birini okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

Halypam