Meşhur boldy sözi sözler içinde (Biziň aslymyz)

5 Awgust 2024
196

Nusgawy edebiýatymyz — beýik şahsyýetlerimiz tarapyndan döredilen, asyrlar aşyp, nesilleriň görelde mekdebine öwrülen halkymyzyň edebi hazynasy, ebedi mirasydyr. Onda türkmeniň ruhy keşbi, geçmişi, däp-dessurlary, milli ýörelgeleri jemlenendir. Şeýle ajaýyplyga ýugrulan şirin şygyrlary, ynsanlaryň ýüzünde ýylgyryş döredýän şorta sözleri bilen nusgawy edebiýatymyzy baýlaşdyran şahyrlaryň biri-de Mämmetweli Keminedir.

Akyl-paýhasa, gözel duýgulara eýlenen halkyň ruhuny galkyndyrýan eserleri döredip, ulus-iliň hakydasynda müdimilik orun alan Mämmetweli Kemine, takmynan, 1770-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda Garadöwletiň maşgalasynda dünýä inýär. «Kemine diýr, adamzatdan ýüz görmen, // Ýagşa «ýagşy» diýr men, ýamana — «ýaman» diýip, dogruçyllygy özüniň durmuş ýörelgesi edinen şahyr, il içindäki gürrüňlere görä, häsiýeti boýunça birsözlüligi, wäşiligi, degişgenligi bilen tapawutlanypdyr. Şahyryň edebi tahallusynyň özi hem, onuň halkyň ruhy hemaýatkäridiginden habar berip, bir bitewülikdäki şahsyýetini ýüze çykarýar.

Nury SAKÇYÝEW,
«Nesil».