Halk söýgüsin gazanan şahyr

2 Awgust 2024
204

Türkmen topragy dünýä nusga bolan alymlaryň, ýazyjylaryň, beýik danalaryň kemala gelen mukaddes topragydyr. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň biri Magtymguly Pyragy manyly ömrüni türkmen halkynyň agzybirligi, erkinligi ugrundaky göreşe bagyşlapdyr. Akyldar şahyr özüniň döredijiliginde watançylyk meselesini, halkyň durmuş ýagdaýyny has giň şöhlelendirýär. Ol öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazandy. At-owazasy dünýä dolan beýik şahsyýet boldy. Türkmen halkynyň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täjine deňelen Magtymgulynyň döredijiligindäki watançylyk, parahatçylyksöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň waspy asyrlary aşyp, biziň bagtyýarlyga beslenen döwrümize mizemez ruhy tereňligi bilen gelip ýetipdir. Bu eserler halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýrapdyr. Häzirki wagtda türkmen alymlary we edebiýatçylary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde uly işleri alyp barýar. Şahyryň şygyrlary çap edilip, halkymyza ýetirilýär. Dünýäniň dürli dillerine hem terjime edilýär.

Şahyryň pähime ýugrulan goşgulary döwürlere paýhas nuruny saçýar. Häzirki döwürde şahyr has-da sarpalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda şeýle setirler bar:

Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.