«Sözläbilseň, ýagşy sözle...»

1 Awgust 2024
289

Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi barada hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde akyldar şahyryň baý edebi mirasyny içgin öwrenmäge, giňden wagyz etmäge, hormat-sarpasyny belende götermäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dana Pyragyny sarpalamak türkmen edebiýatyny arşa götermekdir, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdyr. Magtymgulynyň çuňňur pelsepä, ylahy garaýyşlara, dünýewi ýörelgelere ýugrulan çeper döredijiligi özboluşly mekdepdir» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Magtymgula diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Magtymguly dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny ynsana mahsus inçe duýgular bilen bitewüleşdirip, pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen aralaşypdyr we halk hakydasynda müdimilik orun alypdyr» diýip, akyldaryň mirasyna ýokary baha berýär.

Beýik şahyr öz sözüniň müňýyllyklar aşjakdygyny öňünden bilipdir. Magtymgulynyň şahyrana söz barada dürli garaýyşlar bilen taraşlan setirleri söz ussadynyň ruhy ahwalyny aýdyň görkezýär hem ünsüňi çekýär. Çeper edebiýatda aýratyn häsiýete, özboluşlylyga eýe bolýan söz Pyragynyň döredijiliginde şirin şygra öwrülip, bakylyk donuny geýinýär.

Amangül ESENMÄDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.