Magtymguluda Warka we Gülşa

31 Iýul 2024
170

Gündogar edebiýatynyň ösen döwürleriniň biri-de Gaznaly türkmen döwletiniň (962 — 1186-njy ýý.) döwrüdir. Bu döwürde edebiýat äleminde Ferdöwsi, Unsury, Aýýuky, Farruhy, Menuçehri ýaly beýik söz ussatlary meşhurlyk gazanypdyr. Gaznalylar döwrüniň edebiýaty Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň üsti bilen türkmen halkynyň aňynda ebedi ornaşypdyr.

Gaznaly türkmen döwleti döwründe ýazylan we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öz mynasyp ornuny tapan eserleriň biri Warka we Gülşanyň päk söýgüsi hakyndaky dessandyr. Ýazuw edebiýatynda ýedi aşyk-magşugyň biri bolan Warka we Gülşanyň hesretli söýgüsi barada şu at bilen ilkinji gezek eser ýazan Dehistanda önüp-ösen şahyr Mejdeddin Aýýukydyr.

Läle ALLABERDIÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.