Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

31 Iýul 2024
151

...Hawa, türkmençilikde duz iýen ýeriňe ýakmajak işi etmek halanylmaýar. Adamlaryň arasynda özleriniň ýakyndyklaryny nygtamak üçin: «Men onuň bilen kän duz iýişdim» diýilýändir. Sebäbi bile duz iýmek ýagşyňa, ýamanyňa dahylly bolmaga äht etmegi aňladýar. Halys iliň gözünden düşen nekgende mukaddes saçaga, köpçüligiň saçagyna golaýlaşdyrylmaýar. Obadaşlary ony tä toba gelýänçä, bile oturyp duz iýmekden hem mahrum edýärler. Çünki duzuň gudratyna ikilik etmek adamy adamçylykdan aýyrýar diýlip pugta ynanylýar. Şu ýerde ýene bir tymsala ýüzlenmekçi.

Bir gezek şeýle waka bolupdyr. Birtopar adam ýagynyň eline düşüpdir. Olara zulum edipdirler, ahyrynda hem olaryň gara janlaryndan umytlary üzülipdir. Ol bendileriň arasynda bir ýaş oglan hem bar eken. Şol oglan atasynyň aýdan öwüdini ýatlapdyr-da, köp oýlanypdyr, ahyry onuň kellesine bir pikir gelipdir.