Öý-ojagyň bezegi

24 Iýul 2024
157

Sahawatly türkmen topragynyň iňňän gadymy döwürlerde-de dokmaçylygyň, halyçylygyň mekany bolandygyna taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. Bu ýerde dokalan nepis, owadan halylar, kilimler, matalar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlar hasaplanylypdyr.

Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän milli halyçylyk sungatymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde eli çeper gelin-gyzlarymyzyň paýy uludyr. Duztorba, namazlyk, kejebelik, asmalyk, çuwal we gap-gaç salynýan torba ýaly haly önümleri diňe bir türkmeniň mukaddes öý-ojagynyň däl, eýsem, göwnüniň hem bezegidir. Haly önümleriniň 40-dan köpräk görnüşi bolup, olaryň biri-de eňsidir.

Tawus GURBANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.