Ýagşylyga çagyryşyň owazy

24 Iýul 2024
190

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän baş mowzuklaryň biri bütin ynsanyýeti ýagşylyga çagyryşdan ybarat. Şol ýagşylyga çagyryşyň owazy bolsa bu günki gün dünýä dolýar. Çünki ýagşylyga çagyryş Watan söýgüsinden, milletiňe bolan buýsançdan, döwlet berkararlygyndan gözbaş alýar. Ine, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly taglymatynyň düýp mazmuny hem şu mukaddeslikde jemlenýär.

Islendik eseriň ähmiýeti onda halkyň isleg-arzuwlarynyň beýan edilişi, milliligi, umumadamzat gymmatlyklarynyň açylyp görkezilişi, öz döwrüniň suratlandyrylyşy bilen ölçenilýär. Şu nukdaýnazardan Magtymguly atamyzyň eserleri öz döwrüniň jemgyýetçilik durmuşyny, ruhy-ahlak keşbini doly açyp görkezýän, her setiri gyzyla barabar gymmatlyk hökmünde halkymyzyň aňyna müdümilik ornandyr. Şeýle bolansoň şahyryň pikirleri üstünden üç asyr geçendigine garamazdan, bütindünýä jemgyýetçiliginiň iň bir öňdebaryjy, adalatly, parasatly oý-pikirleriniň derejesinde ähladamzat gymmatlygynyň hatarynda öňe sürülýär. Iň abraýly halkara guramalarynyň ileri tutup, uýýan baş şygarlarynyň biri bolup älemi nurlandyrýar. Şeýle bolansoň Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda her setiri bir guba düýä deňelýän ol eserler milletiň iň mukaddes gymmatlygy hökmünde orta çykarylýar.

Göwher KURBANOWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň mugallymy.