Demir ýol geçelgesindäki jogapkärçilik

17 Iýul 2024
163

Köçe-ýol hereket howpsuzlygynda demir ýol geçelgelerinden geçilmeginde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň sürüjilerine ýokary talap bildirilýär. Ulaglaryň sürüjileri demir ýolundan diňe demir ýol geçelgelerinden geçmelidirler. Şeýle hem demir ýol geçelgesiniň golaýyna geleninde sürüji ýol belgileriniň, ýolyşygynyň, çyzgytlaryň talaplaryndan, ala agajyň ýagdaýyndan hem-de geçelge boýunça nobatçynyň görkezmelerinden ugur alyp, golaýlaşýan otlynyň ýokdygyna göz ýetireninden soň geçmelidir.

Welaýatymyzyň çäginde demir ýol geçelgeleriniň birnäçesi hereket edýär. Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan şol demir ýol geçelgelerinde hereket howpsuzlygynyň bellenilen kadalarynyň doly berjaý edilmegine gözegçiligi ýola goýýarys. Şunda ýollaryň demir ýol geçelgeli jogapkärli böleginde hemişe hüşgär bolunmagyna aýratyn üns berýäris. Şundan ugur alybam gözegçilerimiz tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki demir ýol geçelgelerine yzygiderli gözegçilik ýola goýulýar. Şu çäreleriň netijesinde demir ýol geçelgeleri bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda gowy netijeler gazanylýar.